Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Sindi Kiro tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Täze Zelandiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Waýtangi güni her ýyl 6-njy fewralda baýram edilýär. Bu baýramçylyk 1840-njy ýylda britan wekilleri bilen Täze Zelandiýanyň ýerli halky bolan maori taýpasynyň wekilleriniň arasynda Ylalaşyga gol çekilmegine bagyşlanýar. Waýtangi Ylalaşygy Täze Zelandiýa atly döwletiň döremeginiň esasyny goýdy we ýurduň esasy konstitusion resminamalarynyň biri bolup durýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir