Billi Aýlişiň “What Was I Made For?” aýdymy “Ýylyň aýdymy” kategoriýasynda “Gremmi” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada CBS teleýaýlymyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Bu kategoriýada ýeňiş üçin şu aýdymlar hem bäsleşdi: Jon Batistiň “Butterfly” (“Barbi” filminden), Lana Del Reýiň “A&W”, Maýli Saýrusyň “Flowers”, Teýlor Swiftiň “Anti-Hero”, Dua Lipanyň “Dance The Night”, Oliwiýa Rodrigonyň “Vampire” we SZA-nyň “Kill Bill” aýdymy. Billi Aýlişden başga-da, “Gremmi” baýragyny iň gowy täze ýerine ýetiriji hökmünde Wiktoriýa Mone we “Flowers” aýdymy üçin Maýli Saýrus aldy. “Ýylyň iň gowy albomy” üçin heýkele Teýlor Swift mynasyp boldy. “What Was I Made For?” kompozisiýasy Greta Gerwigiň “Barbi” filmine saundtrek boldy. Ýanwar aýynda aýdym “Iň gowy original aýdym” nominasiýasynda “Altyn globus” baýragyny aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir