Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow “Dar Al-sharq” Metbugat merkeziniň merkezi binasynda Merkeziň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary, “Al-sharq” gazetiniň baş redaktory Jaber Salem Al-Harmi bilen duşuşdy diýip, ORIENT habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurdyň arasynda alnyp barylýan köpugurly hyzmatdaşlyklary ösdürmek, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara garnaşyklary mundan beýläk hem işjeňleşdirmek barada maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda soňky ýyllarda ýeten belent sepgitleri we gazanylan medeni-taryhy, ykdysady we syýasy üstünlikleri, şeýle hem mümkinçilikleri barada aýratyn bellenilip, iki ýurduň arasynda we aýlag ýurtlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda alnyp barylýan syýasy, ykdysady we medeni ugurlardaky gatnaşyklary habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirmekde iki ýurduň uly mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy. Bu babatda, “Al-sharq” gazetiniň baş redaktory Jaber Salem Al-Harmi ýokarda agzalan ugurlar boýunça türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy barada aýratyn belläp geçdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir