Hytaýyň «Honor» kompaniýasy «Magic6 Pro» smartfony üçin täze batareýany barlamak boýunça geçirilen işler barada gürrüň berdi. «Honor» kompaniýasynyň hünärmenleri enjamy işläp düzenlerinde adaty grafitiň ýerine kremniý-uglerod anody bilen batareýa öndürmek tehnologiýasyny ulanandyklaryny aýtdylar. Munuň netijesinde, enjam pes temperaturalarda has uzak işleýär. Kremniý-uglerod batareýalarynyň ikinji neslini barlamak üçin «Magic6 Pro» stratosfera çykaryldy. Kompaniýa kremniý anodynyň kuwwat dykyzlygyny grafitden 10 esse köp üpjün edýändigini, ýöne göwrüminiň 300 göterime çenli ulalýandygyny, munuň bolsa howpludygyny aýtdy. Şonuň üçin «Honor» kompaniýasynyň inženerleri materiallaryň kemçilikleriniň öwezini dolmak üçin kremniý-uglerod anodyny ulandylar. Şeýle hem täze «Power Enhanced Chip Honor E1» çipiniň kömegi bilen enjamyň akkumulýatoryna zarýad bermegiň kuwwatyny 80 watta çenli ýetirip bolýar. «Magic6 Pro-nyň» pes temperaturada işlemek ukybyna «PhoneBuff» lakamly meşhur «YouTube» blogeri baha berdi. Ol enjamy –20 gradus temperaturaly kamera ýerleşdirdi we wideony açdy – enjam 13 sagat 7 minut işledi. «Honor Magic6 Pro» ýanwar aýynyň ortalarynda tanyşdyryldy. Enjam 6,8 dýuýmlyk OLED ekran, «Snapdragon 8 Gen 3» çipi, 12 gigabaýt operatiw ýat we 256 gigabaýt goşmaça ýat, 180, 50 we 50 megapiksel obýektiwli üç kamera hem-de 5600 milliamper-sagat sygymly batareýa bilen üpjün edildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir