Alymlar ilkinji gezek 3D çap enjamyny ulanyp hakykysy ýaly ösüp we işläp bilýän adamyň beýni dokumasyny döretdiler. Gözlegiň netijeleri «Cell Stem Cell» žurnalynda çap edildi. 3D çap etmek boýunça adaty çemeleşmede material gatlaklary biri-biriniň üstünde dikligine ýerleşdirilýär. Alymlar täze gözlegde öýjükleri biri-biriniň gapdalynda gorizontal görnüşde ýerleşdirmegi teklip etdiler. Şeýle hem olar beýni öýjüklerini has ýumşak gelde ýerleşdirdiler. Netijede, material ýeterlik derejede berk boldy, ýöne neýronlaryň biri-birine tarap ösmegine we signal alyşmagyna mümkinçilik berýärdi. «Biz beýniniň daşky gabygyny we ala bölegini etdik, biziň ýüze çykaran zatlarymyz örän täsin. Beýniniň dürli böleklerine degişli dürli öýjükleri çap edenimizde-de, olar biri-biri bilen aýratyn we özboluşly usulda aragatnaşyk saklap bildiler» diýip, alymlaryň biri belledi. Çap edilen beýni dokumasy Dawn sindromynda, Alsgeýmer ýa-da Parkinson kesellerinde öýjükleriň arasyndaky signallaryň geçişini öwrenmek, şeýle hem täze dermanlary barlamak üçin ulanylyp bilner. Tehnologiýa ýörite bioçap enjamlaryny ýa-da öýjükleri ösdürip ýetişdirmek usullaryny talap etmeýär, şonuň üçin hem köp barlaghanalar üçin elýeterli bolup biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir