Eyesi yok sayt.

Salam agzalar bayramynyz gutly bolsun!!!!
Su saytyn adminini tanayan barmy nomeri zady ki.de bar Bu sayt wapse gutardy eyesi yoklygyny belli her kim her zat diyya
Ine su gun gowy boldy diysen hokman biri gelip bulayar

Dowamy »

1052 31
Sorag-jogap, Söhbet Abdullaýew tarapyndan 4 years ago

Saparmyrat Tùrkmenbashy.

Gorkakdan gorkuñ!Gorkakdan gorkuñ!
Gorkak gyrasyna bardygy gorpuñ,
Bagty yatyp uly howpa satashsa,
Kimligiñe bakman satyandyr hôkman,
Sebàp zandy zùwweddine,gorkaga
Mukaddes zat yokdur janyndan bashga,
Hamyndan bashga!
Sôwesh gùni mûnebilmez atyna,
Dôwùsh gùni çyka bilmez çadyrdan.
Toy meylisde...

Dowamy »

1038 8
Edebiýat, Bibish tarapyndan 4 years ago

Örän aýdyň we çyn bir hakykat bar

Örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar:
Diriler ölüpdir. Diriler ölýä.
Ýöne şol ölenler müň ýyllar ötüp,
Başga biri bolup inýär bu dünýä.

Beýle bolsa kimkä meniň geçmişim?
Şahyrmykan?
Aşykmykan?
Ýa daýhan?
Ýa ol namartmykan çyn sözden gorkýan
Hem go...

Dowamy »

837 4
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 4 years ago

"ÝUWENTUS" "NAPOLIDEN" utuldy

Italiýanyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynda «Ýuwentus» myhmançylykda 0:1 hasabynda «Napoliden» ýeňildi.

Duşuşygyň 31-nji minudynda 11 metrlik jerime urgusyndan Lorenso Insinýe ýeňiş pökgüsini tora gönükdirdi. Bu pökgi Insinýe üçin «Napoliniň» düzümindäki ýüzünji goly boldy.
«Ýuwentusyň» goragçysy Jorjo Kiellini bolsa It...

Dowamy »

967 14
Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 4 years ago

Meni ýitirersiň...

Meni ýitirersiň... Bujagaz ýitgi
Äleme ne ýeňil, ne agyr düşer.
Ýene öňküsi dek gülüp dogar Gün,
Ýene öňküsi dek Aý dymyp ýaşar.

Meni ýitirersiň... Ýitenim bilen
Ne garalar, ne-de saralar jahan.
Ýene öňküsi dek şuwlar gara gyş,
Ýene öňküsi dek gül açar bahar.

Meni ýit...

Dowamy »

794 1
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 4 years ago

Walentina güni

Rowaýata görä, Walentina Gadymy Rim imperiýasynda ýaşap geçen , takyk ylymlar bilen gyzyklanan, lukman , ruhany bolupdyr

Onun ýaşan döwüri KlawdiýII hökümdarlyk eden döwrüne gabat gelipdir. Ol goşuna gaty jogapkärçilik bn garap, legionerlere öýlenmegi gadagan edipdir. Sebäbi öýlenensoňlar maşgala aladalary esgerleriň ünsüni sowýamyşy...

Dowamy »

1054 4
Edebiýat, Tiko tarapyndan 4 years ago

Poeziýa

Diýýärler:
Poeziýa – güldürmek üçin däl,
Diýýärler: Poeziýa:
– aglatmak üçin däl.
Şu diýilýän çynmyka?

Aglatmak üçin däl bolsa,
Güldürmek üçin däl bolsa,
Onda ol näm üçinkä –
Öldürmek üçinmikä?

Meniň pikirimçe, Poeziýa
Hemmesinem edip biler.
Kanu...

Dowamy »

789 4
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 4 years ago

?????

Kim bilya walentina sozunin manysyny?
Kopuniz bilmeyanizdirem!!!
Bilyan bolsa aytsyn hany!?

Dowamy »

1059 11
Sorag-jogap, Paris tarapyndan 4 years ago

Söýgi

Bir mahal bir ýigit söýdi bir gyzy.
Her haýsy bir enäň ýeke-ýalňyzy.

Ýa-da Nejep oglan söýdi Nigäri.
Her haýsy bir ataň ýeke-dikrary.

Dagyň bir jülgesin belleşip her gün,
Köşek dek böküşip, açdylar göwün.

Nigär – garyp gyzy. Nejep – padyman.
Olaryň her güni geçdi şad...

Dowamy »

869 3
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 4 years ago

Happy valentine's day

Gutly bolsun soyusyanler

Dowamy »

985 4
Täzelikler, Black Wolf tarapyndan 4 years ago

Alfred Nobel

Grek dilinde dinamit sözi "güýç" manysyny berýär. Nitrogliserinden, kaliýden ýa-da natriý nitratdan we agaç unundan ybarat bu partlaýjy, göwrümine baglylykda ulagy, jaýy döwüp, gaýany ýok edip biler. Dinamit Şwesiýanyň himiýa inereneri Alfred Nobel tarapyndan 1867-nji ýylda patentlenen we ony tunel üçin ulanmagy teklip eden oýlap tapyldy. Bu oýlap...

Dowamy »

908 3
Bilim, DeatH tarapyndan 4 years ago

Nowshirwan adylyñ nesihatlaryny yatlanylmasy. (Kowusnama kitapdan).

Ilkibashda ol:"Gije bilen gùndiz çalshyp durka,pelegiñ gerdishine geñirgenmâñ"diyipdir.
Soñra diyipdir:"Adamlar nàme ùçin bir gezek ôkùnen zatlaryna yene-de ôkùnmelimishler?"
Soñra diyipdir:"Patysha belet adam nàme ùçin arkayyn yatyarka?"
Soñra diyipdir:"Durmushy arzuw edishi yaly geçmeyàn adam nàme ùçin ôzùni diri sayyarka?"

Dowamy »

868 0
Edebiýat, Bibish tarapyndan 4 years ago

Kriştianu Ronaldu dünýäde ilkinji bolup sosial ulgamlarda 500 mln abunaçy ýygnamagy başardy

“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu sosial ulgamlarda 500 mln abunaçy ýygnan dünýäde ilkinji adam boldy diýip, Bleacher Report saýty özüniň twitterinde habar berdi. Muny sovsport.ru ýetirýär. Häzirki wagtda 36 ýaşly Ronaldunyň Instagramda 261 mln, Feýsbukda 148 mln we Twitterde 91 mln abunaçysy bar.

Ronaldu 2018-nji ýylda Madrid...

Dowamy »

1013 9
Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 4 years ago

Durmuş bilen baglanan goşgy Dowamy

Indi shuny dinle hormatly yigit,
Menin sana diyjek sozlerim nagt,
Sende ol zatlardan yok asla Derek,
Shonun ucin seni kuysanok yurek”...

Yigit dinlapdir-de gyzyn sozlerin,
Onun gozlerine dikip gozlerin,
Yurekden syzdyryp diyipdir sheyle:
“seni samsykmykan oytmandim beyle...
Hic wagt ba...

Dowamy »

1017 6
Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 4 years ago

«A» harpyna şermendeler, size degişli!

Grammatikaň enesini uwladyp, negözel goşgulary musur görkezýäňiz. Beýdip goşgy paýlaşanyňyzdan, belaň sapyny paýlaşyň!

Dowamy »

1088 13
Edebiýat, Kepjebaş_ tarapyndan 4 years ago

Ölüm ýüpi yrgyldap dur üstünde

Ölüm ýüpi yrgyldap dur üstünde,
Astynda-da jygyllap dur eşafot.
Emma sen şonda-da gozganman bilýäň.
Dagdanmydyň,
Daşdanmydyň,
Adamzat?

Saňa hat ýazypdyr eziz bir adam.
Üç oýnam yssy söz. Başga hiç zat ýok,
Emma sen şonda-da gozganyberýäň.
Güldenmidiň,
Süýtdenmi...

Dowamy »

914 0
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 4 years ago

Durmuş bilen baglanan goşgy

Gözel gyzlar,
Juwan gyzlar,
Aý gyzlar,
Gözellikden alypsyñyz paý gyzlar,
Size bir gosgyjyk aydip bermekci,
Belki bolar yuregnize jay gyzlar.

Bir yigit soyupdir bir gozel gyzy,
Gul yuzli, hosh sozli, bir serwi nazi,
Bir gun gabat gelip shol gozel gyza,
Yigit gul gowshuryp chokupd...

Dowamy »

946 3
Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 4 years ago

Soygi hakda

Bu gun dymyan kan gurlemek islamok!
Damagymda duwnuk boldy sozlerim,
Shol yyllary kan yatlamak islamok !
Aglayar yuregim gulyar gozlerim.


Her kim “wagt geler” diyip pikir edyar, aslynda wagt bizden gidyar.

Dowamy »

786 0
Edebiýat, Aakjaa tarapyndan 4 years ago

Indi choopre gitdi älem.su geldi öýtýän

Indi choopre gitdi älem.su geldi öýtýän. Bu saýtyň ady ýaman köp öýtgeýär. Soňra bu saýda girmek kyn bolýar. Belkem häzir onuň agzalary oňa girip bilýän däldirler. Gray wolf siz saýdyň eýesi dälmi bu zatlara gözegçilik etmeýärsiňizmi?

Dowamy »

906 2
Täzelikler, Lagly tarapyndan 4 years ago

Tmcell barada

Salam hemma, ong bir yerde tmcell nomeri bilip bolyan program bar diyip eshidipdim, bilyangiz barmy?

Dowamy »

1003 3
Sorag-jogap, Aakjaa tarapyndan 4 years ago