Bir mahal bir ýigit söýdi bir gyzy.
Her haýsy bir enäň ýeke-ýalňyzy.

Ýa-da Nejep oglan söýdi Nigäri.
Her haýsy bir ataň ýeke-dikrary.

Dagyň bir jülgesin belleşip her gün,
Köşek dek böküşip, açdylar göwün.

Nigär – garyp gyzy. Nejep – padyman.
Olaryň her güni geçdi şadyýan.

Oýnadylar aşyk. Saldylar topaz.
Käte Nigär utdy, käte-de çopan.

Oýnadylar çilik. Okladylar top.
«Gap, Nejebim, gap!»
«Gap, Nigärim, gap!»

Emma degenokdy bedene beden.
Söýgiň päk ýerinde
Beden gadagan.

Biri-birisiniň gözüne garap,
Hozuň gabygyndan içdiler şerap.

Hoz bolsa (bilýäňiz! – maňyzyň öýi),
Söýgä maňyz gatyp, goýaltdy meýi...

Emma dünýämiziň ýasalşy şeýle.
Säher bar ýerinde tapylýar öýle.

Öýle bar ýerinde bardyr ikindi.
...Nigär Nejebinden gaýra çekildi.

Nejebiň üstüni büredi tümlük.
Söýgä
awy düşdi Ýekeje çümmük.

Nigäriň gaşynda ant içdi çomak:
«Nejebiň aşyk däl, bir aşyksumak.

Ol her gün müň gyza üleýär göwnün...»
Nigäriň göwnünde döredi düwün.

– Bu niçik hekaýat? Bu niçik waka?
Oýnap ýörer ýaly çilikmi wepa?

Depip ýörer ýaly sürpekmi Nigär?
Nigär gepleýärdi. Nejep diňleýär...

«Nigärim, Nigärim, bu niçiksi gep?»
Diýjek boldy Nejep. Ýykyldy Nejep.

Agzyn daşa oýkap misli bir gaplaň,
Ah urup, üç gezek ant içdi çopan.

Antlar gara daşy deşdi-de jopba,
Topragyň ýedi gat bagryna çümdi.
Toprak «Eý, waý!» diýip gygyrdy.
Gyz hem
Bir çirkin ses etdi:
«Ynandym indi!»

Kerim Gurbannepesow

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir