Gorkakdan gorkuñ!Gorkakdan gorkuñ!
Gorkak gyrasyna bardygy gorpuñ,
Bagty yatyp uly howpa satashsa,
Kimligiñe bakman satyandyr hôkman,
Sebàp zandy zùwweddine,gorkaga
Mukaddes zat yokdur janyndan bashga,
Hamyndan bashga!
Sôwesh gùni mûnebilmez atyna,
Dôwùsh gùni çyka bilmez çadyrdan.
Toy meylisde asman yaly gùrlàrler,
Umman yaly owsum atyp gùwlàrler,
Gaplañ kimin arlap,dôw yaly dùwlàrler.
Damagyny yyrtyp saçak batyrlar!
Ôleq gylyç salynmazyndan ôñ ôler,
Ôler jany alynmazyndan ôñ ôler!
Gôzùndedir gorkaklaryñ ajaly,
Hàk,diydigiñ eyyàm maslykdyr olar!
Olar hatar,howply dushmandan beter!
Eger howp abansa jiger janyna,
Satar olar enesin hem atasyn,
Satar olar din imanyn,mezhebin,
Satar olar mesgen hem Watanyn.
Gorkaklaryñ bar gaygysy panyda,
Gara janydyr!

Edebiýat, Bibish tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir