“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu sosial ulgamlarda 500 mln abunaçy ýygnan dünýäde ilkinji adam boldy diýip, Bleacher Report saýty özüniň twitterinde habar berdi. Muny sovsport.ru ýetirýär. Häzirki wagtda 36 ýaşly Ronaldunyň Instagramda 261 mln, Feýsbukda 148 mln we Twitterde 91 mln abunaçysy bar.

Ronaldu 2018-nji ýylda Madridiň “Realyndan” Turiniň “Ýuwentusyna” geçdi. Öň portugaliýaly futbolçy Lissabonyň “Sportingi” we “Mançester Ýunaýted” üçin oýnady. 2003-nji ýyldan bäri Ronaldu Portugaliýanyň ýygyndy toparyna çagyrylýar. Milli ýygyndy toparyň düzüminde hüjümçi Ýewropanyň çempiony (2016), UEFA-nyň Milletler ligasynyň ýeňijisi (2019) boldy. Transfermarkt internet portaly Kriştianu Ronaldunyň transfer bahasyny 60 mln ýewro bilen bahalandyrýar.
“Ýuwentus” 20 oýunda 42 utuk gazanyp, Italiýanyň A Seriýasynda üçünji orna çykdy. 13-nji fewralda klub 22-nji tapgyrda “Napoli” bilen duşuşar.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir