Maý goşgusy

Duman göterildi goja daglardan,
Çopan ýaýlalary özgertdi görkün.
Güller hoşboý yslar kükäp bar ýerden,
Arzuwlara batyp, oýlanýar her kim.

Ýigrim bäş ýaşlylar göz aýlap ýaýla,
Kalbynda akdyrsa söýgi derýasyn,
Ak sakgal gojalar seredip aýna,
Yzyna çagyrýar on sekiz ýaşyn.

Gök asm...

Dowamy »

1297 4
Köneler, 12 years ago


"Hany birmahalky ýumşajyk sözler"

Hany birmahalky ýumşajyk sözler,
Aý aýdyň agşamlar, agajyň asty.
Basmaçylar bilen gan-pyçak bolup,
Kükreýän çaglarym ýaňydy-ýaňy.

Baý bolup ýaşadym ýeriň ýüzünde,
Şol zatlaň baryna eýelik etdim.
Ýüzdüm äpet tolkunlary gulaçlap,
Ynha, şeýdip ahyr kenara ýetdim.

Owadan gözeller,<...

Dowamy »

1355 9
Köneler, 12 years ago


"Jeýhun kenarynda, belent bir ýerde"

Jeýhun kenarynda, belent bir ýerde,
Äpet tolkunlaryň oýnuna bakýan.
Çygly ýapraklaryň ortarasynda
Arzuwlar içinde Jeýhun dek akýan.

Bulutlar aýlanyp, merjenler dökýär,
Ýuwunýar, daranýar gül gunçalary.
Tolkunlar bat alyp, tolkunlar bökýär,
Kenara zyňylýar suw damjalary.

Egilip,...

Dowamy »

1090 2
Köneler, 12 years ago


ýaşlyk

Läleli gyş hem garly gyş ýaly,
ýaşlyk bilen garrylykdyr ömrümiz.
Juwanlykda çiginlermiz daş ýaly,
Daglara darasak, ýeter emrimiz.

ýaşlyk bir çabgadyr,
ýaşlyk bir sildir -
gudratyndan gülzar bolar çölüstan.
ýaşlyk atyr saçýan benewşe güldür,
Görki-de gül,
Durky-da gül-gülüstan.

Dowamy »

1179 2
Köneler, 13 years ago


Waspnama

Kimler siziň saçyňyzy gulaçlap,
Kimler size "Aýym, Günüm" diýipdir.
şedip on bäş ýaşly Geýneden başlap,
ýetmiş ýaşly Gýota çenli söýüpdir.

Aýallaň görküne mynasyp baha
Berip bilmese-de käbir erkekler,
Boýun alman durup bilmez asyl-ha,
Olar näme gördi entek-entekler.

Garagumuň ý...

Dowamy »

1038 1
Köneler, 13 years ago


Uniwersitet ýyllary

Saýrak etdiň dilleri,
berk guşatdyň billeri,
Gel, indi elleşip, hoşlaşaly biz.
Uniwersitet ýyllary!

Hem ajy, hem süýji
senden aýrylmak,
bu gün hem gaýgyly, hem şadyýan men.
uzak hem şöhratly ýola ugraýan
ýolagçy men,
bir gijelik myhman men.

hoş g...

Dowamy »

1292 3
Köneler, 13 years ago


Gündogar bulwary

Ýene nurun saçdy sansyz yŞyklar.
Ýene öwŞün atdy Gündogar bulwar.
Gysmyljyrap otyr juwan aŞyklar,
Hersiniň elinde bir desse gül bar.

Menem peýwagtyma aýlanyp ýörün,
Tutup oguljygmyň akja elinden.
Ýöne gözlerimi aýryp bilemok,
Gyzlaň elindäki bahar gülünden.

Şeýle ter gülleri, e...

Dowamy »

1099 0
Köneler, 13 years ago


Baharyň şahyry…

Halyl Kulyýew 1936-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Birata (öňki Darganata) etrabynyň şyharyk obasynda eneden bolýar. Dogduk obasynda orta mekdebi tamamlandan soň, iki ýyl mugallym bolup işländen soň, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti 1960-njy ýylda üstünlikl...

Dowamy »

2534 5
Köneler, 13 years ago


Çatrykda

seniň bilen geçdik ençe menzili,
gülälekler ýygdyk depe gollardan.
Geçmişe öwürip gözýetimleri,
Bagt gözledik, ylham tapdyk ýollardan.

säherleriň gyraw düşen howasyn
käseläp içsek-de, karar tapmadyk.
ýaşlygmyzyň ýalňyşlygyn, günäsin
kämillikde sapak bor diýp sakladyk.

Şatlansam...

Dowamy »

1305 8
Köneler, 13 years ago


Dostlaryma degişme

Hemmelerem öz dostuna guwanýar,
Öz dostuna sarpa goýup ýör hemme.
Meniň iki sany söwer dostum bar,
Birisi geplemsek, birisi dymma.

Lakgylykda ýakasyny tanadýar
Ele alsa al şeraply bulguryn.
Beýlekisi bolsa onuň ýaly däl,
Haçan görseň dymyp otyr ýylgyryp.

Birine ýüzlenýän: “A-ho...

Dowamy »

1280 3
Köneler, 13 years ago


Ikiçäk gürrüň

Ilkinji söýgüden gaýdanda badym,
Indi maňa söýmek ýokdur diýýärsiň.
Men saňa düşünýän: sen şeýle adam,
Bir ömürde ýeke gezek söýýärsiň.

Men bolsa bu söze henizem garşy.
(şüphe bolmaz ýüregmiň päkdigne).
Ynansamam başky söýgiň bardygna,
Ynanamok başga söýgiň ýoklugna.

Ynha, dymy...

Dowamy »

1321 5
Köneler, 13 years ago


ýene goşgy Halyl agadan

Gyz tolgunyp, başyn aşak egýärdi
Hoştap aprel agşamlarnyň birinde.
Nurly gün hem şöhle saçyp dogýardy
Şonda meniň ýüregimiň töründe.

Guçasym gelýärdi älem-jahany,
Uçasym gelýärdi şatlykdan ýaňa.
Eý, gara gaş, ýüregimiň soltany,
senmidiň söýmegi öwreden maňa.

senmidiň söýmegi öw...

Dowamy »

1174 2
Köneler, 13 years ago


Şu zeýilli oglan men

Şeýle golaý ýaşasa-da bir wagtlar,
Käte aýra düşýär adam-adamdan.
seniň bilen bile geçen pursatlar
ömürbaky çykmaz meniň ýadymdan.
Läläm, seni ömürbaky unutman,
Biler bolsaň, şu zeýilli ýigit men.

Senem ýüregiňde saklasaň adym,
Öňküdenem artar kalbymda şadym,
Birdenem… unudyp, alaýsaň...

Dowamy »

1140 4
Köneler, 13 years ago


Senden öwrensin

Säher daň ýyldyzy ýaldyran çagy,
Nur saçmagy ýalkymyňdan öwrensin.
Şöhle saljak bolsa daňyň şapagy,
Seniň gar dek alkymyňdan öwrensin.

Bu gözel baglaryň benewşe güli,
Goý, çyn gül bolmagy senden öwrensin.
Gül diýip joş uran bahar bilbili,
Gülün wasp etmegi menden öwrensin.

Dowamy »

985 0
Köneler, 13 years ago


Arzuw

Gyzym bolsa Bahar dakjak adyna,
Goý, ol mydam bahar ýaly şat bolsun.
Her bir işde gorky düşmän ýadyna,
Bagtyýar ýaýnasyn, gorky ýat bolsun.

Kümüş dek gupbaly ala daglaryň
Gatbar-gatbar buzlaryny eretsin.
Çyn bezegi bolup goýry baglaryň,
Sil akdyryp, çölde umman döretsin.

Tisgin...

Dowamy »

1153 2
Köneler, 13 years ago


Söýermiň?

gözelleň ählisin goýup bir ýana,
seçip-saýlap, seni söýsem, söýermiň?
Ýa görküňe aşyk bolup gaýybana,
Gül keşbiňe hormat goýsam, söýermiň?

Gar küräp, tüweleý her ýan çarpanda,
Asman-zemin bir-birini tapanda,
Gazaply aýazda, apy-tupanda
Ýoluňa seredip, buýsam, söýermiň?

Kä açyld...

Dowamy »

1121 1
Köneler, 13 years ago


Ýene-de söýgi hakynda

Söýgi hakda öňem ýazdym kän gezek,
Ýene ýazjak. Öňküdenem az ýaly.
Bir gyz ýüregime gurupdyr duzak,
Söýüp ýörün… bar pasyllar ýaz ýaly.

Ýöne diýýän gyzym şeýle bir ynjyk,
Käte ýakyp, gowrup barýar köz ýaly.
Uzyn kirpiklerni ýüregme sanjyp,
Käte gahar edýär, käte näz ýaly.

Bir g...

Dowamy »

1625 5
Köneler, 13 years ago


Men seniň aşygyň

Men seniň aşygyň, gara gözli ýar,
Daşa gitme, daşa gitme ýanymdan.
Görküňe ömürlik boldum hyrydar,
Hyrydar men, baha kesýän janymdan.

Men seniň aşygyň, eý, açyk asman,
Goý, mydam päk bolsun ýüzleriň seniň.
Men seniň aşygyň, eý, beýik ynsan,
Goý, mydama gülsün gözleriň seniň.

Me...

Dowamy »

1058 0
Köneler, 13 years ago


"Men seni söýýän”

Dagdan ynam bilen düşdüm yzyna,
Daş dek ykraryma ömürlik uýýan.
Iller näme diýse diýibersinler,
Meniňki şol bir söz:
- Men seni söýýän.

Söýmek hem söýülmek ýüregiň derdi,
Hersi bolup biler bu juwanlykda.
Kimmişin ol meni söýeňok diýip,
Seni aýyplajak biwepalykda.

Ýöne ra...

Dowamy »

1574 7
Köneler, 13 years ago


Ogrynyň ölümi

Käte ýeke çykyp gijeden-gije,
Käte şägirtlerin yzyna tirkäp,
Gijeler ogurlap towukdyr jüýje,
Bir ogry ýaşanmyş obany çürkäp.

Asyl bir oba däl onuň çürkäni,
Köp ýerlere ýeten eken yzasy.
Ahyr bir gün…
Ajaýyp bir ýaz güni
Dolanmyşyn o bendäniň kazasy.
Üýşüşip bir ýere ilen-çalany,...

Dowamy »

1263 5
Köneler, 13 years ago


Ykbal

Ençe gezek geçip gitdiň ýanymdan,
Ençe gezek geçip gitdiň şowurdap,
Ahyr bir gün ykbal bizi duşurdy,
Gülüp bakdyň…
Egniňdäki keteniň
Aý nuruna öwşün atdy lowurdap.

Emma duşuşygmyz çekmedi köpe,
Biziň garşymyza çykdy bir betpäl.
Bat berip gybata, töhmetli gepe,
Sümsünip gezýänler...

Dowamy »

1208 3
Köneler, 13 years ago


Aýdylmadyk sözler

seniň ýok wagtyňda seni taryplap,
gijeler ýatmadym, goşgular goşdum.
Sen maňa mydama bolsaňam ýakyn,
Seniň ýanyňdakam sen maňa daşdyň.

Zöhre ýyldyzy dek alysdyň menden,
Mawy gözýetimden salardyň ýalkym.
Yzarlap, yzarlap, barsamam, ýene
Güýçlenerdi derdim,
Gowşardy erkim.

...

Dowamy »

1313 5
Köneler, 13 years ago


Göwnüm seni küýseýär

käte ýalňyzlykda otursam özüm,
käte gaharlanyp, çytylsa ýüzüm,
käte ukym gelip, ýumulsa gözüm,
teşne ýürek jemalyňa suwsaýar,
gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

göreşlerde gujur bilen batlansam,
üýşmeleňde alkyş bilen ýatlansam,
arzuwlarym göge galyp şatlansam,
ýa-da hasrat ýürek-bagry...

Dowamy »

1337 6
Köneler, 13 years ago


ýene bir goşgy Halyl agadan

şol gözele duşanymda bir gezek:
- Sözüm diňle - diýdim.
- sözlegin - diýdi.
Diýdim: - gülüm, beýle örteme uzak.
- gülüňi daşrakdan gözlegin - diýdi.
Diýdim: - sen görküsiň ähli gülleriň.
- sen nämeler diýýäň, goý, oglan - diýdi.
diýdim: - sagym sagýan akja gollaryň...
- Diýjegňi açygrak d...

Dowamy »

1509 7
Köneler, 13 years ago


ýyldan ogrynça

gülüm duşuşmaga söz berdi maňa,
Duýdurman gel diýdi. Geldim ogrynça.
çalaja tolgunyp garaşdym oňa,
bilbile duýdurman, gülden ogrynça.

Dolan aý ýalbyrap, asmana galdy,
Kümüş şöhlesini her ýana saldy,
gülüm gyzyl geýnip, gujagma doldy,
sypadym zülpüni ýelden ogrynça.

çal bulutlar...

Dowamy »

1573 6
Köneler, 13 years ago