Dagdan ynam bilen düşdüm yzyna, Daş dek ykraryma ömürlik uýýan. Iller näme diýse diýibersinler, Meniňki şol bir söz: - Men seni söýýän. Söýmek hem söýülmek ýüregiň derdi, Hersi bolup biler bu juwanlykda. Kimmişin ol meni söýeňok diýip, Seni aýyplajak biwepalykda. Ýöne rastyň diýmän gizlenseň eger, Gutulyp bilersiň. Öňünden duýýan. Diýerin men saňa bir ýerden jyklap, Meniňki şol bir söz: - Men seni söýýän. Garaňky gijeler azaşsaň ýalňyz, Menem gara gijä tutup ýüzümi. Duýdurman öňüňden çykaryn birden Hemem gaýtalaryn şol bir sözümi. Meni söýseň iki ýürek birleşip, Bir ýürek boljagyn öňünden duýýan Eger-de söýmeseň… Söýmeseň söýme. Meniňki şol bir söz: - Men seni söýýän. Halyl kulyýew

Köneler, ashykoglan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir