Läleli gyş hem garly gyş ýaly, ýaşlyk bilen garrylykdyr ömrümiz. Juwanlykda çiginlermiz daş ýaly, Daglara darasak, ýeter emrimiz. ýaşlyk bir çabgadyr, ýaşlyk bir sildir - gudratyndan gülzar bolar çölüstan. ýaşlyk atyr saçýan benewşe güldür, Görki-de gül, Durky-da gül-gülüstan. ýaşlyk bir deňizdir, tolkunyp her ýan, Möwç urar, Joş alar, öňi baglanmaz. ýaşlyk bir derýadyr silkinip barýan, çyrpynar-da... Akar gider eglenmez. ýaşlyk bir aýdymdyr, hiňlenseň ony, Uzaklara ýaýrap, ýaňlanar sesiň. ... Eý, ýaşlyk, her neneň söýsem-de seni, Uzak ýaşap, goja bolmak höwesim. Halyl Kulyýew
ýaşlyk
-
Bilgi
13 years ago
- oran gowy!!!
Warsaky 13 years ago- Sag bol dost! Halyl Kulyyewin oran onat goshgulary bar. Halyl aga beyik shahyrlarymyz Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow we bashgada kop shahyrlar hormat goyup, ona halypalary hokmunde garap, sarpa goyupdyrlar.