Hany birmahalky ýumşajyk sözler, Aý aýdyň agşamlar, agajyň asty. Basmaçylar bilen gan-pyçak bolup, Kükreýän çaglarym ýaňydy-ýaňy. Baý bolup ýaşadym ýeriň ýüzünde, Şol zatlaň baryna eýelik etdim. Ýüzdüm äpet tolkunlary gulaçlap, Ynha, şeýdip ahyr kenara ýetdim. Owadan gözeller, Kesgir gylyçlar Men sizi galdyrýan ýagty jahana. Biriňiz-ä söýüň, Biriňiz goraň Şöhrat bolsun sizi oýlap tapana! Halyl Kulyýew

Köneler, ashykoglan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir