seniň bilen geçdik ençe menzili, gülälekler ýygdyk depe gollardan. Geçmişe öwürip gözýetimleri, Bagt gözledik, ylham tapdyk ýollardan. säherleriň gyraw düşen howasyn käseläp içsek-de, karar tapmadyk. ýaşlygmyzyň ýalňyşlygyn, günäsin kämillikde sapak bor diýp sakladyk. Şatlansam, gam çeksem, ýigrensem, söýsem, Bu alys ýollarda sen bolduň şaýat. Menem saňa göz ýetirdim kem-kemden, Gözüm gitdigiçe, bolduň maňa ýat. Şeýdip kän ýöredik depeler aşyp, Gitdigiçe bir-birekden daşlaşdyk. Bu gün ýetdik iki ýoluň çatrygna, Dost bolduk biz, dostluk bilen hoşlaşdyk. Senem duşuşarsyň gözlegiň bilen, Menem duşuşaryn, gözlärin bagtym. Ýöne indi ikimize duşma ýok, Her kim öz ýoluna… Bolýar, hoş wagtyň. Halyl Kulyýew

Köneler, ashykoglan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir