Kimler siziň saçyňyzy gulaçlap, Kimler size "Aýym, Günüm" diýipdir. şedip on bäş ýaşly Geýneden başlap, ýetmiş ýaşly Gýota çenli söýüpdir. Aýallaň görküne mynasyp baha Berip bilmese-de käbir erkekler, Boýun alman durup bilmez asyl-ha, Olar näme gördi entek-entekler. Garagumuň ýalyn ýaly çoguny Polat kimin bedenlere siňdiren - çagalarňyz "kaka" diýip aglanda, Sizdiňiz şol "Gelýär" diýip diňdiren. Sidiňiz şol siziň üçin gan döken Gerçekleriň tüýs mynasyp dost-ýary. Watan ogly Watan üçin jan çeken, çagalaryň, garrylaryň hossary. "Aýym" diýip, "Günüm" diýip köp şahyr, Size bägüllerden örtse-de örtük, özüňiz hakdaky beýik goşgyny, özüňiz ýazdyňyz hemmeden artyk. Halyl Kulyýew
mirasymyz 13 years ago- Sagjabol ashykoglan paýlaşanyňa. Halyl Kulyň goşgusy bolsa gowydyrla.