Hemmelerem öz dostuna guwanýar, Öz dostuna sarpa goýup ýör hemme. Meniň iki sany söwer dostum bar, Birisi geplemsek, birisi dymma. Lakgylykda ýakasyny tanadýar Ele alsa al şeraply bulguryn. Beýlekisi bolsa onuň ýaly däl, Haçan görseň dymyp otyr ýylgyryp. Birine ýüzlenýän: “A-how, bes indi Ýüreklere düşdüň ertirden bäri”. Beýlekä diýýärin: “Gezek seniňki, Senem bir zatlar diý, iliňki ýaly”. Az salymlyk dynjyn alýar geplemsek, onsoň ýene öňki tutum başlanýar. Birinde kanagat, birinde gaýrat, Biri gürrüň berýär, birisi dymýar. Rastym diýsem, iň dogrusy şulaňky, Otur diýseň, oturarlar hepdeläp. Ynha, meň ýagdaýym birneme agyr, Ne-hä dymyp bilýän, ne-de bir gepläp. Halyl Kulyýew
Dostlaryma degişme
-
Abadan
13 years ago
- Da betje gosgy.
Ne-hä dymyp bilyan,ne-de bir geplap :-)
-
Maykl
13 years ago
- ' ashykoglan ' minnetdar dost paylashanyň ucin, yazyp dur! galamyň ujy kutelmesin! =)
Tilkijik 13 years ago- Bet