gözelleň ählisin goýup bir ýana, seçip-saýlap, seni söýsem, söýermiň? Ýa görküňe aşyk bolup gaýybana, Gül keşbiňe hormat goýsam, söýermiň? Gar küräp, tüweleý her ýan çarpanda, Asman-zemin bir-birini tapanda, Gazaply aýazda, apy-tupanda Ýoluňa seredip, buýsam, söýermiň? Kä açyldyň asman ýaly durlanyp, kä gülüp näz etdiň, kä gaharlanyp, mübärek gaşyňda her ýan pyrlanyp, perwanalar bolup köýsem, söýermiň? jemalyň kalbymda mukam döredip, haýran etdiň ýüregimi eredip, ýa-da gözleriňe göni seredip: “Gülüm, seni söýýän” diýsem, söýermiň? Halyl Kulyýew

Köneler, ashykoglan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir