Käte ýeke çykyp gijeden-gije, Käte şägirtlerin yzyna tirkäp, Gijeler ogurlap towukdyr jüýje, Bir ogry ýaşanmyş obany çürkäp. Asyl bir oba däl onuň çürkäni, Köp ýerlere ýeten eken yzasy. Ahyr bir gün… Ajaýyp bir ýaz güni Dolanmyşyn o bendäniň kazasy. Üýşüşip bir ýere ilen-çalany, Däbe görä öwenmişler öleni: - ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň, Ahyretde hemra bolsun imany. Arman, ýöne tapylgysyz ýigitdi, Hiç bilmezdi iliň hakyn iýmäni. Daýysy, dogany, ýegen, ýeňňesi, Däbe görä öwenmişler hemmesi. Ýasa gelen garryja bir ýaşulyň Ýeke özi galanmyşyn seretse. Onsoň bu-da öwenmişin özüçe: “Ogrujady, ogrujady, neresse…” Halyl Kulyýew
Ogrynyň ölümi
-
yrsgal
13 years ago
- gowy goshgy sag bol paylashanyna
-
garagoljaoglanjyk
13 years ago
- he he gowja goshgy eken
-
Abadan
13 years ago
- Hmm,sag bol paylasanyna.
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Sag bol,
santosh 13 years ago- sag bol oglan sena muny chozdun