käte ýalňyzlykda otursam özüm, käte gaharlanyp, çytylsa ýüzüm, käte ukym gelip, ýumulsa gözüm, teşne ýürek jemalyňa suwsaýar, gara gözlim, göwnüm seni küýseýär. göreşlerde gujur bilen batlansam, üýşmeleňde alkyş bilen ýatlansam, arzuwlarym göge galyp şatlansam, ýa-da hasrat ýürek-bagrym gyýsa, ýar! gara gözlim, göwnüm seni küýseýär. bahar geler, güller bilen şaýlanyp, seýran etsek baýyrlary aýlanyp, akja bulut "ýagsammy" diýp, oýlanyp, çabga gelip, suw-sil edip guýsa, ýar, gara gözlim, göwnüm seni küýseýär. meýdana ýazlypdyr bahar halysy, gel, bile keşt etseň ýakyn-alysy, maňa at goýdular: "yşkyň dälisi", men nädeýin ýürek şeýle söýse, ýar! gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.
Göwnüm seni küýseýär
-
garagoljaoglanjyk
13 years ago
- gowja goshgy eken dosdum sagja bol paylashanyna
-
santosh
13 years ago
- ay iki dunyan abat bolsun,2 taleshka oglun bolsun,ashyk oglan.
-
Abadan
13 years ago
- Santosh 2 tele$kami?O_O :-D))
-
ependi
13 years ago
- zawodam beyle kop cykarmaz
-
akyllyja
13 years ago
- 'Ashykoglan' govy goshgy nik'yna göra goshgynam gelip dur)
ashykoglan 13 years ago- awtory: halyl kulyýew