Ilkinji söýgüden gaýdanda badym, Indi maňa söýmek ýokdur diýýärsiň. Men saňa düşünýän: sen şeýle adam, Bir ömürde ýeke gezek söýýärsiň. Men bolsa bu söze henizem garşy. (şüphe bolmaz ýüregmiň päkdigne). Ynansamam başky söýgiň bardygna, Ynanamok başga söýgiň ýoklugna. Ynha, dymyp dursuň menin garşymda, egniň ketenili, başyň öýmeli. Hany aýt sen, bir gezeklik ömürde Nämüçin biz ýeke gezek söýmeli. özüň dek bir gyzy söýüpdim menem, ol başgany söýdi, ol indi ene. öňküdenem otly, çuň söýgi bilen men ikinji gezek söýýärin ýene. Düzgünmidir ýeke gezek söýmeklik, Gel, onda biz şol düzgüni bozaly. Söýgi kitabyna iki söz bilen: “Başarsaňyz, söýüň!” diýip ýazaly. Halyl Kulyýew

Köneler, ashykoglan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir