Aşgabatdaky «Bahar» atelýesi müşderilere ynam, rahatlyk we öz keşbiniň özboluşlylygy duýgusyny berýär

Ýörite tikinçilik hyzmatlaryny hödürleýän atelýä ýüzlenýän her bir zenan başga hiç kimde bolmadyk lybaslary arzuw edýär. Aşgabatdaky «Bahar» atelýesinde işleýän ussat hünärmenler diňe bir baýramçylyklar üçin däl, eýsem, gündelik durmuş üçin hem özboluşly lybaslary döredýärler.
Moda pudagynda on ýyllyk tejribesi bolan atelýeniň esasy iş ugry...

Dowamy »

99 0
Täzelikler, 8 months ago


Türkmenistanyň kubogy ― 2023: «Ahal» finalda «Arkadag» toparynyň garşydaşy bolar

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary Türkmenistanyň kubogynyň finalynda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň garşydaşy bolar.
Serdar Geldiýewiň şägirtleri şu gün paýtagtyň «Nusaý» stadionynda geçirilen ýarymfinalyň jogap duşuşygynda Marynyň «Merwini» Meýlis Diniýewiň 74-nji minutda geçiren ýeke-täk goly bilen ýeňdiler....

Dowamy »

98 0
Täzelikler, 8 months ago


Türkmenistanyň kubogy ― 2023: möwsümiň ýubileý goly geçirildi

«Ahalyň» futbolçysy Meýlis Diniýew Türkmenistanyň kubogy ― 2023-iň 50-nji goluny geçiren futbolçy boldy. Ol şu gün ýarymfinalyň «Ahal» ― «Merw» duşuşygynda ýer eýelerine ýeňşi getiren ýeke-täk goluň awtorydyr.
Ýaryşyň şu möwsümindäki 50 goluň deň-ýaryny «Arkadag» toparynyň futbolçylary geçirdiler. Galan 25 golda bolsa «Ahalyň» 9, «Merwiň» 6,...

Dowamy »

98 0
Täzelikler, 8 months ago


BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip düzülen Kararnamany kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy 78-nji mejlisiň 48-nji umumy mejlisinde biragyzdan şu aşakdaky Kararnamany kabul etdi: «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny». Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen Kararna...

Dowamy »

93 0
Täzelikler, 8 months ago


Aşgabatda «DevFest 23» festiwaly geçirildi. Festiwalda dürli usullary ulanmaka arkaly kod ýazmak,

internetiň işiniň düzümi, dizaýnyň inçe tilsimleri we oýunlary işläp taýýarlamagyň esaslary ýaly ugurlar bilen tanyşdyryldy. Bu barada «Altyn asyr» ÝGPJ-niň resmi saýtynda habar berildi. Festiwalda giriş sözi bilen «Google»-yň (Google Developer Group, GDG) Programmalary işläp düzüjiler toparynyň Aşgabatdaky guramaçylary Saparguly Mahtumow we Mähri...

Dowamy »

98 0
Täzelikler, 8 months ago


Aşgabatda «DevFest 23» festiwaly geçirildi

Aşgabatda «DevFest 23» festiwaly geçirildi. Festiwalda dürli usullary ulanmaka arkaly kod ýazmak, internetiň işiniň düzümi, dizaýnyň inçe tilsimleri we oýunlary işläp taýýarlamagyň esaslary ýaly ugurlar bilen tanyşdyryldy. Bu barada «Altyn asyr» ÝGPJ-niň resmi saýtynda habar berildi.

Festiwalda giriş sözi bilen «Google»-yň (Google De...

Dowamy »

100 0
Täzelikler, 8 months ago


Türkiýede Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli dabara guraldy

20-nji dekabrda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Izmirdäki Kojaeli uniwersitetinde we Ankaradaky Medipol uniwersitetinde geçirilen çär...

Dowamy »

95 0
Täzelikler, 8 months ago


TDHÇMB-de 21-nji dekabrda 5 geleşik baglaşyldy

21-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda umumy bahasy 2 million 405 müň 977 manada we 824 müň 500 amerikan dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB-niň resmi saýtynda habar berildi.
Penşenbe günündäki birža söwdalaşyklarynda Özbegistandan gelen işewürler «Türkmennebit» döwlet...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, 8 months ago


Ýaponiýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda Awstraliýa Arkalaşygynda diplomatik wezipäni ýerine ýetirer

Türkmenistanyn Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Awstraliýa Arkalaşygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tokio şäheri) wezipesine bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuham...

Dowamy »

95 0
Täzelikler, 8 months ago


Türkmenistanda 27-nji dekabrda ýylyň jemlerine bagyşlanan dabaraly çäreler geçiriler

Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Aşgabat şäheriniň häkimligine hem-de Söwda-senagat edarasyna beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Arkadag Serdarly...

Dowamy »

96 0
Täzelikler, 8 months ago


Baş Assambleýa Türkmenistan tarapyndan işlenip düzülen Kararnama kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 48-nji umumy mejlisinde biragyzdan aşakdaky Kararnamany kabul etdi: «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek». Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen bu Karar...

Dowamy »

94 0
Täzelikler, 8 months ago


Türkmenistanyň iň güýçli agyr atletikaçylary kesgitlenilýär

Şu günler «Aşgabat» köpugurly stadionynda Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär. Düýn ― 21-nji dekabrda başlanan çempionat, ertir ― 23-nji dekabrda tamamlanar.
Ýurduň dürli sebitlerinden we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden türgenleriň 127-sini jemlän ýaryşda erkekleriň arasynda-da, zenanlaryň arasynda-da 10 agram derejesin...

Dowamy »

136 0
Sport, 8 months ago


ÝTÖB Hazarda gämi gatnawyny amala aşyrýan kompaniýa 60 million dollar karz berer

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) «Azer­baý­jan Ha­zar de­ňiz da­şa­ýyş» (Azer­bai­jan Cas­pi­an Ship­ping Com­pa­ny/ASCO) ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­tine 60 million amerikan dollary möçberinde karz bermek baradaky çözgüdi tassyklady. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.
«Karz s...

Dowamy »

99 0
Täzelikler, 8 months ago


Angola OPEK guramasyndan çykýandygyny yglan etdi

Angolanyň nebit, gaz we mineral serişdeler ministri Diamontinu Azewedu öz ýurdunyň OPEK halkara guramasyndan çykýandygyny yglan etdi. Bu barada Angolanyň «Angop» habarlar gullugyna salgylanyp, TASS habar berdi.
Habarda çözgüdiň ýurduň Prezidenti Žoau Lourensuwyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler maslahatynda kabul edilendigi aýdylýar.

Dowamy »

97 0
Täzelikler, 8 months ago


Ýene-de totyguşlar: Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary habar berýärler

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysynyň şäher seýilgähine uçup gelýän bir topar ýaşyl totyguşy görendigi baradaky habar şäher ilatynyň arasynda uly seslenme döretdi. Biziň redaksiýamyza Aşgabadyň dürli ýerlerinde ýaşyl totyguşlaryň göze ilendigi baradaky habarlar gelip ugrady, ýöne olar, esasan, şäher merkezinde köp duş gelýärler.

Şeýlelik bi...

Dowamy »

123 0
Täzelikler, 8 months ago


Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2023-nji ýyly FIFA-nyň reýtinginiň 141-nji basgançagynda tamamlady

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2023-nji ýyly FIFA-nyň reýtinginiň 141-nji basgançagynda tamamlady. Ýylyň jemleýji reýtingi düýn ― 21-nji dekabrda yglan edildi.
Halkara gurama türkmen ýygyndysyna 1078,75 utuk berýär. Ýygyndy Filippinlerden bir basgançak aşakda, Antigua we Barboda döwletinden bolsa bir basgançak ýokarda ýerleşýä...

Dowamy »

126 0
Täzelikler, 8 months ago


Babadaýhan dokma toplumynda 189,4 göterime golaý ösüş gazanyldy

Häzirki zaman dokma toplumynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 111 million 817 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 189,4 göterime golaý ösüş depgini üpjün edildi. Babadaýhan dokma toplumy tamamlanyp barýan ýyly guwandyryjy netijeler bilen jemleýän köp sanly kärhanalaryň biridir diýlip...

Dowamy »

140 0
Täzelikler, 8 months ago


GAR-da tokaý ýangynlaryna garşy göreşýärler

Günorta Afrika Respublikasynda Keýptaun şäheriniň golaýyndaky dag eňňitlerinde dörän iri ýangyna garşy 300-den gowrak ýangyn söndüriji göreşýär diýip, «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.
Tokaý ýangynlary sebäpli Keýptaunyň golaý etraplaryndaky ilat howpsuz ýere göçürildi. Ilatly ýere ýetmänkä, ýangynyň öňüni...

Dowamy »

134 0
Täzelikler, 8 months ago


«Hayyat Travel» Aşgabatdan Tailanda syýahatçylyk saparyny hödürleýär

«Hayyat Travel Luxury Agency» syýahatçylyk kompaniýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlarynda Aşgabatdan uçmak arkaly Tailanda dürli görnüşli syýahatçylyk dynç alşyny hödürleýär.
22-nji dekabrdan başlap Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawynyň açylmagy netijesinde, ýurduň raýatlary üçi...

Dowamy »

137 0
Täzelikler, 8 months ago


Bereket şäherindäki tikin kärhanasynda18,3 million manatlyk iş edildi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki tikin kärhanasynyň hünärmenleri ýylyň başyndan bäri netijeli zähmet çekýärler. Olaryň irginsiz zähmeti netijesinde, kärhanada şu ýylyň geçen on bir aýynda dürli görnüşli, ýokary hilli tikin önümleriniň 344 müňe barabary taýýarlanylyp, bitirilen işleriň möçberi pul h...

Dowamy »

106 0
Täzelikler, 8 months ago


2023-nji ýylyň iň meşhur howa gatnaw ugry agzaldy

Tamamlanyp barýan ýylda dünýäde iň meşhur awiauçuş ugry Singapur bilen Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur arasyndaky gatnaw boldy. Bu barada «MIR 24» ýazýar.
Şunda iki tarapa uçarlarda elýeterli bolan orunlaryň sany 4,9 milliona ýetdi, bu 2022-nji ýyldakydan 1,5 esse köpdür. Iki şäheriň arasynda uçuş wagty takmynan bir sagat dowam edýär.

Dowamy »

138 0
Täzelikler, 8 months ago


«Lebapgazçykaryş» müdirliginde 10 milliard kub metre golaý tebigy gaz öndürildi

Şu ýylda «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň hünärmenleri tarapyndan öndürilen mawy ýangyjyň mukdary 10 milliard kub metre golaýlady. Şeýlelikde, müdirlik boýunça häzirki wagtda ýeriň astyndan tebigy gazy almak işleri ýyllyk meýilnamadan öňde barýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, gazylyp alnan b...

Dowamy »

122 0
Täzelikler, 8 months ago


Aşgabatda hytaý söweş sungaty boýunça görkezme çykyşlary boldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň çäklerinde «Long Ýunun» söweş sungaty toparynyň ýerine ýetirmeginde Kung Fu boýunça çykyşlar görkezildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Toparyň 12 agzasynyň ýerine ýetirmegindäki çykyşlarda söweş sunga...

Dowamy »

128 0
Täzelikler, 8 months ago


«Economist» neşiri ýylyň ýurduny saýlady

Gresiýa ykdysady çökgünligi ýeňendigi üçin «The Economist» žurnaly tarapyndan ýylyň ýurdy diýlip yglan edildi.
Neşir şeýle hem Polşany we Braziliýany belledi, olaryň birinjisiniň ykdysadyýeti özüni ýitirmedi, neşir bu döwletde täze saýlanan Premýer-ministr Donald Tuskuň hökümetiniň 2024-nji ýylda Polşany ýylyň ýurdy derejesine çykarmaga mümk...

Dowamy »

132 0
Täzelikler, 8 months ago


Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasy ýerasty suwlary gözlemekde netijeli işleri alyp barýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasy ýerasty suwlary gözlemekde Mary, Lebap, Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda gözleg-barlag we buraw işlerini üstünlikli alyp barýar. Hünärmenler ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde meýilleşdirilen 21 müň 650 pogonometr buraw işlerine derek, 24 müň 135 pogonometr bur...

Dowamy »

104 0
Täzelikler, 8 months ago