Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky ugurlar boýunça gatnawlaryň wagtlaýyn ýatyrylandygyny habar berýär: Aşgabat — Dubaý — Aşgabat Aşgabat — Jidda — Aşgabat Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini hiç hili tutumsyz doly yzyna gaýtaryp biler ýa-da iň ýakyn amatly senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip biler. Biletleri yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin biletleriň satyn alnan nokatlaryna ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmak maslahat berilýär. Şeýle-de, turkmenistanairlines.tm saýtynda we onlaýn platformalarynda satyn alnan biletleriň puly bolsa töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtarylar. Gatnawlaryň ýagdaýy baradaky iň soňky maglumatlary awiakompaniýanyň resmi saýtyndan we resmi habarlaşyk kanallaryndan yzarlap bilersiňiz. «Türkmenistan» awiakompaniýasy ýüze çykan oňaýsyzlyklar bilen baglylykda ýolagçylardan ötünç soraýar we ýagdaýa düşünýändikleri üçin minnetdarlyk bildirýär. Habarlaşmak üçin maglumatlar: 1. Jidda: • Telefon belgisi: +90 545 575 15 83 • Elektron salgy: ops@favorite-ias.com 2. Dubai şäheri: • Telefon belgisi: +971 50 280 05 08 • Elektron salgy: ticket.mida@gmail.com 3. Türkmenistan: • Telefon belgileri: +993 12 39-17-78, 23-03-15, 23-03-18 • Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir