Hytaýly Weýli Çžanyň we polşaly Joanna Ýedžeýçigiň arasyndaky tutluşyk UFC-niň Şöhrat zalyna giriziler. Munuň bilen bagly dabara, Las-Wegasda geçirilen UFC 326 ýaryşynyň dowamynda yglan edilişine görä, şu ýylyň tomsunda geçiriler. Bu duşuşyk guramanyň taryhynda şeýle ýokary ykrarnama eýe bolan ilkinji zenan tutluşygy bolar. Türgen zenanlaryň arasyndaky iň ýeňil agram derejesinde geçirilen bu darkaş UFC 248 ýaryşynda bolup geçipdi we promouşeniň taryhynda iň köp çekişme döreden söweşleriň birine öwrülipdi. UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýt hem bu hakda pikirlerini paýlaşdy we: «Joanna Ýedžeýçig bilen Weýli Çžanyň arasyndaky UFC 248-däki duşuşyk meniň şu wagta çenli gören iň gowy tutluşyklarymyň biridir. Bu juda geň galdyryjy söweş boldy. Oktagondakylaryň ählisi-de iň ýeňil agramdaky çempionlyk üçin ähli zada taýyn, örän erjel we dogumly söweşijilerdi. Olaryň hiç haýsysy-da yza çekilmedi. Men bäsdeşligiň çekeleşikli geçjekdigini bilýärdim we garaşyşym ýaly hem boldy. Joannany we Weýlini hemişelik ýatda galjak tutluşyk bilen gutlaýaryn!» diýip, aýratyn belledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir