Samsung kompaniýasy telewizorlaryň belgilenmegi bilen bagly dowam edip gelen jedelde bäsdeşlerine garşy ilkinji uly ýeňşini gazandy. Mýunheniň sebit kazyýeti Günorta Koreýanyň tehno-ägirdiniň delilleri bilen ylalaşyp, TCL kompaniýasynyň käbir telewizorlaryny «QLED» diýip mahabatlandyrmagynyň alyjylary ýalňyşdyrýandygyny tassyklady. Samsung-yň öňe sürmegine görä, TCL-iň birnäçe modelleri telewizoryň «QLED» hil derejesine goşulmagy üçin zerur bolan tehnologiýalara eýe däl. Netijede kazyýet TCL kompaniýasynyň ýalňyşdyryjy mahabat ulanandygy barada karar çykardy we bu kompaniýa «QLED870», «CM8B», «C805», «C655» we «C69B» modelleriniň adynda «QLED» belgisini ulanmak gadagan edildi. Şeýle hem TCL mahabat mazmunlaryny düzetmäge-de borçlandyryldy. «QLED» belgisiniň ulanylmagy bilen bagly meňzeş kazyýet işlerine häzirki wagtda Günorta Koreýada we ABŞ-da hem seredilýär. Samsung-yň bähbitlerini goraýan Pinsent Masons halkara ýuridik firmasynyň maglumatyna görä, Mýunhen kazyýetiniň karary kompaniýanyň bu mesele boýunça halkara derejesindäki ilkinji ýeňşi boldy. Bu kazyýet işiniň täsirinde Samsung-yň geçen ýylky «Bu galp. Asyl nusgany saýlaň!» diýen şygar astyndaky mahabat kampaniýasy ýene-de ünsi özüne çekdi. Şol mahabatda kompaniýa garşydaş bäsdeşlerini öz tehnologiýalaryny göçürýändikleri üçin ýaňsylapdy.