«Atletikonyň» futbolçylary «Kesgir gaşlar: Ölmez adam» (Острые козырьки: Бессмертный человек) atly doly metražly filmiň mahabat kampaniýasyna gatnaşar. Madrid kluby Netflix striming hyzmaty bilen hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy. Film «Kesgir gaşlar» serialynyň baş gahrymany Tomas Şelbiniň geljekki ykbalyna bagyşlanýar. Onuň keşbini Killian Mýorfi ýerine ýetirýär. Hyzmatdaşlygyň çäginde Madrid klubunyň oýunçylarynyň gatnaşmagynda gysgaça mahabat wideosy düşüriler. Oňa Antuan Grizmann, Hose Mariýa Himenes, Ademola Lukman, Aleksandr Sýorlot we Koke gatnaşar. 14-nji martda La Liganyň 28-nji tapgyrynyň «Hetafe» bilen boljak duşuşygynyň öňüsyrasynda «Atletikonyň» futbolçylary «Metropolitano» stadionynyň meýdançasyna «Kesgir gaşlar» serialynyň gahrymanlarynyň stilinde geýnen adamlaryň ýany bilen çykar. Olar simwolik taýdan «oýunçylaryň howpsuzlygyny üpjün eder». Mahabat kampaniýasyna stadionyň özi hem çekiler. Ol ýerde 1930-njy ýyllardaky Birmingemiň stilinde bezegler: «Garrison Tavern» bary we şol döwrüň dellekhanasy peýda bolar. Serialyň gahrymanlarynyňka meňzeş papakly aktýorlar janköýerlere gazetleri we beretleri paýlar. Film 20-nji martda Netflix platformasynda çykar. Ylalaşygyň maliýe tarapy barada maglumat berilmeýär.