BMW kompaniýasy Alpina brendiniň bawariýaly awtoöndürijisiniň düzümine doly goşulyşmagyndan soňky ilkinji model bolan BMW Alpina XB7 Manufaktur krossowerini görkezdi. Bu awtoulag çäkli seriýada — jemi 120 nusgada öndüriler. Awtoulagyň kuzowy üçin iki sany eksklýuziw mat reňki — Frozen Alpina Green we Frozen Alpina Blue hödürlenilýär. Şeýle-de, ulag 23 dýuýmlyk ýeňil splawly diskler we ýörite bezeg elementleri bilen enjamlaşdyrylan. Salon premium derejeli Merino derisi we tebigy gara hoz agajy bilen bezelipdir. Ikinji hataryň ýolagçylary üçin aýratyn ýokary amatlykly oturgyçlar göz öňünde tutulan. Awtoulag bilen bilelikde el işi bolan ýol sumkasy hem berilýär. Kapotyň aşagynda goşa turbonadduwly we "ýumşak" gibrid ulgamly 4,4 litrlik V8 hereketlendiriji ýerleşdirilipdir. Güýç beriji gurluş 631 at güýjüni we 800 Nm aýlaw pursadyny öndürýär. Netijede krossower 0-dan 96 km/s tizlige bary-ýogy 3,9 sekuntda çykýar.