Bu täsin aýna günbatar Müsür bilen gündogar Liwiýanyň arasynda ýerleşýän, meýdany 72 000 inedördül km bolan Beýik çäge deňzi atly çölde tapyldy. Bu sebitdäki sary aýnalaryň düzümi kremnezýom, sirkoniý oksidleri we beýleki seýrek maddalar bilen örän baýdyr. Şeýle düzümli materialyň emele gelmegi üçin adatça 2250-den 2700 gradusa çenli ýetýän aşa ýokary gyzgynlyk gerek bolýar. Ozal alymlar bu geň materialyň döremegini ýyldyrym çakmagy, wulkan atylmagy ýa-da tebigy çökündi hadysalary bilen düşündirmäge synanyşypdylar. Emma täze barlaglar bu aýnanyň äpet bir meteoritiň Ýere gaçmagy netijesinde dörändigini anyklady. Alymlar bu urgunyň güýjüni atom bombasynyň partlaýşy bilen deňeşdirýärler. Aşa ýokary gyzgynlygyň we basyşyň täsiri astynda Ýer ýüzüniň gatlagy eräp, meteoritiň bölejikleri gum we toprak bilen garyşypdyr, soňra bolsa gatapdyr. Şeýlelikde, özboluşly sarymtyl öwüşginli aýna emele gelipdir. Müňlerçe ýyldan soňra bolsa, gadymy müsürli ussatlar şol kosmosdan gelen materialy faraonyň kaşaň bezeg şaý-seplerini ýasamak üçin ulanypdyrlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir