Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 1/8 finalynyň ilkinji dört duşuşygy geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça «Bawariýa» we «Atletiko» uly hasap bilen ýeňiş gazanyp, çärýek finala has ýakynlaşdylar. Beýleki iki duşuşykda bolsa dartgynlylyk saklanýar. «Galatasaraý» ýene-de «Liwerpuldan» üstün çykdy Stambulda «Galatasaraý» ýene-de «Liwerpuly» 1:0 hasaby bilen ýeňlişe sezewar etdi. Oýnuň ýeke-täk goluny 7-nji minutda Mario Lemina öz adyna ýazdyrdy. Ikinji ýarymda emin iki toparyň hem bir goluny hasaba almady. Wiktor Osimheniň goly ofsaýd sebäpli, «Liwerpulyň» goragçysy Ibraima Konateniň derwezä salan topy bolsa el bilen oýnalandygy sebäpli ýatyryldy. Türk kluby şu möwsümde «Liwerpuldan» eýýäm ikilenç üstün çykýar — mundan ozal toparlar umumy tapgyrda duşuşypdylar we Stambuldaky şol oýun hem 1:0 hasabynda tamamlanypdy. «Atletiko» «Tottenhemi» 15 minutda ýumurdy Madridde geçirilen duşuşyk «Atletikonyň» 5:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Oýnuň 15-nji minutynda «Tottenhemiň» derwezebany Antonin Kinski eýýäm üç gol goýberdi. Markos Lýorente, Antuan Grizmann we Hulian Alwares tapawutlandy. Giren şol üç goluň ikisine görnetin derwezebanyň ýalňyşy sebäp boldy. Londonly toparyň tälimçisi ony bahym Gulýelmo Wikario bilen çalşyp, ýagdaýy düzetjek boldy, emma 22-nji minutda olam Diego Simeoneniň göçgünli şägirtleriniň hüjümini saklap bilmedi – Roben Le Norman hasaby 4:0-a ýetirdi. Tiz wagtdan Pedro Porro aratapawudy azaltdy. Ikinji ýarymda Hulian Alwares dubl etdi, 76-njy minutda bolsa londonly myhmanlaryň hüjümçisi Dominik Solanke oýnuň hasabynda nokat goýdy — 5:2. «Atalanta» bilen myhmançylykdaky oýunda «Bawariýanyň» «ejize ganymlygy» Mýunhenli klub myhmançylykda «Atalanta» rehim-şepagat etmän, 6:1 hasaby bilen ýeňdi. Garşydaşlygyň ykbaly eýýäm birinji oýunça çözüldi diýse-de boljak. «Bawariýanyň» çep ganatdaky hüjümçisi Maýkl Olise dubl etdi. Ondan başga-da, Ýosip Stanişiç, Serž Gnabri, Nikolas Jekson we Jamal Musiala dagylar tapawutlandylar. Öý eýeleriniň ýeke-täk goluny goşmaça wagtda Mario Paşaliç urdy. «Barselona» soňky pursatda hasaby deňledi «Barselona» myhmançylykda tas «Nýukasldan» utulýardy, oýun deňme-deňlik bilen tamamlandy — 1:1. Öý eýeleriniň özleri duşuşygyň ahyrynda — 86-njy minutda Harwi Barnsyň goly bilen öňe saýlandylar. Lamin Ýamal 96-njy minutda penaltini dürs ýerine ýetirip, hasaby deňlemegi başardy. Bu garşydaşlyklaryň ählisiniň gutarnykly netijesi 19-njy marta geçilýän gije belli bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir