Los-Anjelesde ylmy fantastika, fentezi we horror žanrdaky filmleri saýlap-seçýän 53-nji «Saturn» baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabarada «Awatar: Ot we kül» filmi iň gowy ylmy-fantastik film diýlip ykrar edildi we Jeýms Kemeron iň gowy režissýor baýragyna mynasyp boldy. Tom Kruz «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk» filmindäki keşbi üçin iň gowy aktýor baýragyny alan bolsa, El Fanning «Ýyrtyjy: Ölüm planetasy» filmi bilen iň gowy zenan keşbi boýunça ýeňiji boldy. Baýragyň esasy laureatlary: Iň gowy ylmy-fantastiki film — «Awatar: Ot we kül» («Аватар: Пламя и пепел»); Iň gowy fentezi — «Zalym:Baky» («Злая: Навсегда»); Iň gowy horror — «Frankenşteýn»; Iň gowy ekšn / başdan geçirme — «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk»; («Миссия невыполнима: Финальная расплата»); Iň gowy triller — «Günäliler» («Грешники»); Iň gowy režissýor — Jeýms Kemeron («Awatar: Ot we kül»); Iň gowy aktýor — Tom Kruz «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk»; Iň gowy aktrisa — El Fanning «Ýyrtyjy: Ölüm planetasy» («Хищник: Планета смерти»); Iň gowy ikinji derejeli aktýor — Jeýkob Elordi «Frankenşteýn»; Iň gowy ikinji derejeli aktrisa — «Monstry tutmak» («Поймать монстра»); Iň gowy ssenariýa — «Awatar: Ot we kül»; Iň gowy halkara filmi — «Ölmez-ýitmez: Öýe barýan ganly ýol» («Бессмертный: Кровавая дорога домой»); Iň gowy multfilm — «Haýwanlar şäheri 2» («Зверополис 2»); Iň gowy ylmy-fantastiki serial — «Andor»; Iň gowy horror-serialy — «Ol: Derrä hoş geldiňiz» («Оно: Добро пожаловать в Дерри»); Iň gowy täze žanr serialy — «Köpüň biri» («Одна из многих»); Iň gowy fentezi serialy — «Ýat illi zenan» («Чужестранка»).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir