«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy ýakyn günlerde Ýewropanyň kubogy ugrundaky möwsümiň 1/8 finalynyň pleý‑off tapgyrynyň ilkinji duşuşyklaryny — UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň oýunlaryny tomaşaçylara ýetirer. Hususan-da, 10‑njy martda Aşgabat wagty bilen sagat 22:45‑de tomaşaçylar «Galatasaraý» — «Liwerpul» duşuşygyny, sagat 01:00‑de bolsa «Nýukasl Ýunaýted» bilen «Barselona» toparlarynyň oýnuny görüp bilerler. 11‑nji martda ýaýlymda «Baýer» — «Arsenal» (22:45) we merkezi duşuşyk bolan «Real Madrid» — «Mançester Siti» (01:00) klublarynyň arasyndaky oýunlar bolar. 12‑nji martda bolsa Ýewropa ligasynyň «Lill» — «Aston Willa» (22:45) we «Selta» — «Lion» (01:00) klublarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen tapgyr tamamlanar. Has köp oýny görmek isleýän janköýerler «Belet» platformasyndan peýdalanyp bilerler, munuň üçin «Premium» derejeli ýazylyşyk gerek bolar. Oňa Turkmenportal web sahypasynyň üsti bilen ýa-da ykjam goşundy arkaly ýazylyp bilersiňiz, ol ýerde hasaby doldurmak hyzmaty hem bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir