-Ot bir gezek ýanyp başlansoň, seniň gözegçiligiňden çykan ýaly bolar, unutma, öz ugruna goýberilen alaw şertler dogry bolsa, birnäçe wagt ýanar, emma gysga wagtda ýakyp biljeklerini ýakyp sönmäge başlar. Alawyň ilkinji häsiýeti ýaýramak bolsa, iň soňky häsiýeti hem ýok bolmakdyr… Şonuň üçin ol ody “iýmitlendirmeli”. Wagtynda ýerine täze ýanjak odunlar goýmaly, odunlaryň belli bir ýanyp başlan taraplaryny biri-birine öwürmeli. Ýanyp bilmeýän taraplaryna ýanar ýaly şert döretmeli. Birnäçe tertipler, sazlamalar… Ot (alawy) öz ugruna (ýoluna) goýberme. Goýberseň, ýok bolup söner… Alawyňyza siz jogapkär!
Oruç Auroba.
Alaw uzaklaşdygyňça sönmek bilen bolýar. Uzaklaşdygyňça senden öýkelär. Uzaklaşdykça dymmak bilen bolýar. Alaw tüssesini, saňa diýmek isleýänlerini okamagyňy isleýär.
Oňa bir gezek ýakynlaş. Onsaň, gör nähili ýanmaga başlarsyň. Emma oňa eýe çykmaga başlasaň, ol seni hiç aldamaz. Ýanmaga dowam eder. Ot ýandygyça ýaşaýanyňa düşünersiň.
Hemem ol alawyň daş-töwereginde perwanalar kän bolar. Ýanmak islärler, emma ýakynlaşmaga gorkarlar. Diňe oda jogapkär, ol jogapkärçiligi bilýänler ýanyna baryp biler. Muňa ýanmagy göze alanlar, ot bilen birlikde küle öwrülip, külünden täzeden dogulyp biljekler düşüner.
Ot (alaw) näçe güýçli bolsa hem, ony ýygy-ýygydan gorjap durmasaň, sönmek bilen bolýar...
-
Dowsypat00
2 years ago
- Gaz òcse name etmeli?
-
Pegas
2 years ago
- Şol gelneje, salam size. Bärde görenime şat sizi)
-
TrustORG
2 years ago
- Thats all about fire of stuped love?!
-
Nirvana
2 years ago
- no it's not about love.
-
Black Wolf
2 years ago
- Sol gelneje, salam gowumysynyz nirden adynyz tanysh edayin
-
Mister X
2 years ago
- Durmushyñ özi alaw ýaly, tüssesi bilen başlar, küli bilen gutarar.
-
Pegas
2 years ago
- Gelneje, şükür şükür Hudaýa. Jaň etjek size, nesip bolsa.
Wrestling 2 years ago- Olar ýaly sönjek bolsa, sönmez ýaly gaz bilen ýakaý ody :)