Biz bir çyg süýt emen barlyklar. Görenlerimizden kän, eşidenlerimize ynanýas. Gybat etmegi gowy görýäris.
Gadyr bilemzok, köplenç söýmeli ýerimizde göwne degýäris, ýürekleri döwýäris. Elimizdäki bilen kaýyl bolmagy bilmän, elimizdäkiň gadyryny ýitirenimizde bilýäris. Ilkinji pursatda has berk düwün etmegiň ýerine, hemme zady has inçe ýerinden ýyrtýarys.
Bäş minut soňumyzyň garantiýasy ýok welin, ynsanlaryň ýapyşan şahasyny, arzuwlaryny ýykýas. Biz hemişe bilelikde gülüp bilsek hem, aglamagyň tarapdary. Gürlemeli zadymyza lal, eşdilmeli zatlara ker biz.
Bu durmuşda hemme zadyň başlangyjynyň bolşy ýaly, soňam bar. Her ynsanyň ölüm ajysyny dadyşy, her yşkyň aýralygy dadyşy ýaly…
Baky bolan zat bolsa, merhemet we wyždan.
Merhemet ynsandan gitmesin, galan zat näme-de bolsa çözüler. Garşyňyza kim çyksa çyksyn, söýen bolsaňyz, ýerine başgasy goýulsa-da, merhemediňizden we wyždanyňyzdan uzaklaşmaň. Çünki uzaklaşanlar ýoluny tapanoklar…
Sizden gidenlere gargynmaga gerek ýok. “Allajan göwnüňe görä bersin” diýip, gidiş biledini kesiň. Bu oňa-da ýeter, size-de. Gün geler yşkyň geçijisi däl-de hakykysy girer kalbyňyza. Şeýlelik-de bir ömür iň owadan söýgi bilen bile galarsyňyz.
Ýylgyrmagyň hem sadaka bolan bu durmuşynda, gowy niýetli ynsanlaryň, erbet niýetli ynsanlara baryny bermesi, zyýan däl, Allaň gatynda bereketdir. Netijede söýgi aňsat gazanylýan zat däl.
Ýagşylyk barada şeýle bir hekaýa bardy.
“Günleriň birinde Hz. Musa bir itiň ýarasyndan syzlanyp ýatyşyny görüp oňa ýakynlaşýar. Muny gören ynsanlar, itiň we Hz. Musanyň ýanyna gelýärler. Hz. Musa itiň aýagyna tiken çümenini görýär. Ol ynsanlar: “Eý Musa ol itdir, ýagşylyk bilmez, dişlär seni, goý şeýle galsyn” diýerler. Emma Hz. Musa itiň bu naýynjar ýatyşy üçin, ol ynsanlary diňlemän, itiň aýagyndaky tikeni çykarjak bolýar. It janynyň ýangyjyna Hz. Musany dişleýär. Emma tikeni çykarmagy başarýar. Soňra ynsanlar özlerini hakly çykarjak bolup: “Itiň ýagşylyk bilmejegini, seni dişlejegini aýdypdyk. Näme üçin bizi diňlemediň?” diýip soraýarlar.
Hz. Musa: “Ol it, men ynsan. Ol itligini etdi, men hem ynsanlygymy…”
Ýagny, ýagşylykdan geçmäň. Hemişe duýgularyňyzyň yzyndan gidiň. Ajysyny çekmelem bolsa, yşka ajy bilen serediň. Gynanjagyňyzy bilip söýüň. Ajysy bol yşkyň, ömri uzak bolar…
Ynsan köplenç yşkdan uzaklaşan wagty, duýgularyndaky ol ýylylygy gözleýär. Itleriň hem itligini eden, gynansakda ynsanlaryň ynsanlygyny etmeýän bir gök asmanyň aşagynda dem alýarys. It ýaly wepadar bolmaýan ynsanlaryň ýaşaýan dünýäsinde, itiň itligine edişini geň görülmez. Söýmekden çekinmäň. Her näme bolsa-da, erbetlige gowulyk bilen serediň. Alla bize bir sežde, iki elimiziň aýasy ýaly ýakyn. Durmuşyňdaky ýoklar üçin gynanma. Alla biz bilen. Niýetimizi gören Alla iň haýyrly gapylary açar kalbymyza…
Adam ýaly adam bolmak umydy bilen…
-
BeýikÝazyjy
2 years ago
- Şular ýaly manyly mowzuklary gaty köp ýazmaly. Adamy ýola salmak üçin oňa köp taraplaýyn daraşmaly. Diňe öz güýjüňi däl, başgada bar bolan güýçleri herekete getirmeli. Mysal üçin arakhora aragy goý diýseň goýmaz öz erki bilen. Ýöne ony narkologiýa göýberseň, bejermek ähtimallygy ýokarlanar. Diýmek seniň etmeli işiň, narkologiýa gullygyna ýüz tutmaly. Arakhorlary ýygnaň diýip. Indi bu işiň başyny başladyňmy, dowam et, ýogsa seni emelsizlikde aýyplarlar.
Barbary 2 years ago- Hz. Musa: “Ol it, men ynsan. Ol itligini etdi, men hem ynsanlygymy…”
Ýotubede wideosy bar ekeni,bir möjek gapana düşýär welin bir adam uly paneri möjegiň aýagynyň üstünde goýup özüni dişläp bilmez ýaly edip onsaň möjegi boşadýar,möjek boşap gaçyp gidýär, ynsan biraz pikirlense özüne zyýansyz ýolam tapyp bilýän ekeni.
Dünýä döräli bäri haýyr bilen şer, ýagşylyk bilen ýamanlyk dowam edýär. Ýamanlary düzetmek mümkin däl diýen ýaly, ýöne ýagşylary ýamanlaň tarapyna geçmez ýaly etmek üçin çalyşmaly. "Birine kösenýär diýip pul karz berdim,indi alyp bilemok,indi gaýdyp adama ýagşylyk etmen" —diýen ýaly,adamlara kömek edip,şoňra özleri kösenýän gowy adamlar, şol ýamanlaryň tarapyna geçmek ähtimallygy bolan gowy adamlar.