Göwnüme bolmasa adamlar kem-kem,
Ozalky bolşundan kiçelip barýar,
Adam däller bolsa gün geçdik saýy,
Öňküsünden hasam goçalyp barýar.

Göwnüme bolmasa iýýän tagamlam,
Indi öňküsi deý süýji gelenok,
Obada bir başlyk saýladyk welin,
Gohy gelýä yöne güýji gelenok.

Göwnüme bolmasa säher päkligin,
Kirletýär ekeni kamaz tüssesi,
Gije garaňkylyk, daňdanam kamaz,
Heý bir geçermikä ýürek gysmasy.

Aşyr Aşyrow.

Bilim, Nirvana tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir