Owadan ruha uly we gelşiksiz bir beden (eşik) gelişermi?
Ruh döreninden bäri gözellige we estetika meýillidir. Şol sebäpli ruh, semiz figuraň deregine sportsmenleriňki ýaly figuraly bolmak islär. Elbetde, ählimiziň dogulyşdaky we soňky göwrämiz tapawutly. Emma, figuramyzy üýtgetmek öz elimizdäki zat. Figuraň owadanlygy ýaşa däl-de ýaşaýyş şeklimize bagly. Gowy görünjek bolsak, hem dogry iýmitlenmeli hem-de maşk etmeli. Esasan terje miweler, gök-önümler bilen iýmitlenmeli. Bu iýmitler bize köp mukdarda energiýa berýär we figuramyzyň ölçeglerini goraýar.
Ýaşajyk görünmegiň we uzak ýaşamagyň syry, az iýmekdir. Şol bir ýaşly 2 sany maýmynda bir barlag geçirilýär. Birinji maýmyna 10 ýyla ýeter ýaly iýmit, ikinjä şoň ýarysy ýaly iýmit berilipdir. Iki maýmyn 10 ýyl soňra bir ýere getirilende, 2-nji maýmynyň beýleki maýmyna garanyňda ýaş görünýändigi kesgitlenipdir. Edil şuňa meňzeş barlag syçanlarda-da geçirilipdir. Netije az iýmit iýen syçanlaryň grupbasy uzak ýaşapdyr. Bu ýagdaý adamlarada degişli. Bizem az iýip, ýaş görüneliň. :)
Figura bozujy semizligiň esasy sebäbem köp iýmek. Aslynda köp iýmekligem edil çilim çekmek, alkogolly içgileri içmek ýaly endikdir. Semizlik ynsana ömri boýunça psihologiki agyry berer. Häzirki wagtda ynsanlar biri-birine baha berenlerinde figura köp üns berilýär. Hatda birini taryp edenimizde-de, çişik ýa hordygyny dile getirýäs. Şonuň üçin figuramyzy ideal derejede saklajak bolmaly. Käbir ynsanlar pil ýaly. Ýerinden turanlarynda, ýöränlerinde kynlyk bilen agyr hereket edýärler. Semiz bedene eýe bolan ynsanlar energiýalaryny köp oturmak, ýatmak arkaly sarp edýärler. Sport bilen meşgullanmak, maşk etmek myşsalarymyzy güýçlendirýär. Yzygiderli maşk etsek, 75-80 ýaşymyzda wagtymyz, güýjimiz 35-40 ýaşlyňky ýaly bolar. Şuny ýadyňyzdan çykarmaň, sporta wagt aýyrmaýanlar soň kesellerine wagt aýyrmaly bolarlar.
Duruş (pozisiýa)
Duruş- ynsanyň bedenini tutma formaty. Ynsan özüni duruşy bilen sergilär. Ilki bilen isle dik duraňda, isle oturaňda dikje durmaly. Dogry duruşda aýaklaryň arasy egniň arasy ýaly açylmaly. Bedeniň agramyny aýaklara bermeli, aýagyň aşagynyň bar ýerine deň-derejede basylmaly, elleri rahatja sallamaly. Hemem başyňyz dik bolmaly. Karizmatik ynsanlar başlaryny dik tutýarlar. Başyň öňe tarap egilýän bolsa, hem bedene artykmaç agram berýär hemem ynamsyzlygy aňlatýar. Oturanymyzda-da dik oturmaly. Dogry oturylyşda g*t we arka oturgyja gowy degmeli. Käte özümizi gowy duýýan wagtymyz ýat ýerde dagap oturýarys. A ynamsyz bir öwrenişmedik ýerimizde bolsa, oturgyjyň ujunda gaçyp gitjek ýaly bolup oturýas. Dogry ýöreýişde elleri rahat göýbermeli. Ne ýuwaş, ne çalt ýöremeli. Gözler ýerde, eller jübüde ýöremegem şekilimizi bozýar. Garaz, dik ýöremeli, dik oturmaly, dik durmaly. Oňurga dik bolsa, bedendäki gan aýlanşygyda gowy bolýar.
Örän geň galdyryjy ýeri bolsa, dik duran dogry düşünýär, dogry düşünenem dik durýar.
Üns berýän bolsaňyz, özüne ynamly adamlar dik durýandyr. Meselem, sapaga geçeniňizde bilýän zadyňyzy dikje durup ynamly aýtýaňyz. Bilmeseňiz, eýlä-beýlä köp hereket etýäňiz. Egniňiz asyk bolýar. Ynsanyň dik dursa agyrlyk güýjüne dogry, dik durmasa agyrlyk güýjüne garşy güýç sarp edýär. Duruşymyz duýgularymyzada täsir edýär. Meselem, egnimiz asyk wagty, gaşlarymyz çytylan wagty, elimizi gysyp, aýaklarymyzam biri-biriniň öňünden geçirenimizde duýgularymyz negatiw bolýar. Bagtly, begenýän wagtymyzam durşymyz düzelýär.
Diýmek, durşymyzyň duýgularymyza täsir edişi ýaly, duýgularymyzam durşymyza täsir edýär.
Duruşlar öwrenmäge-de täsir edýär. 2 topar okuwçylaryň arasynda konferensiýa geçirilýär. Birinji toparyň okuwçylaryna bir aýagyňyzy beýlekisiniň üstüne geçirip, ellerinem gysyp oturmagy, beýleki topara onuň tersini, rahatja oturmagy isläpdirler. Netijede, birinji toparyň okuwçylary beýleki topara garanyňda 38% az zat öwrenendiklerine göz ýetiripdirler.
Dogry duruş üçin, köp mukdarda energiýa gerekdir.
Ruh gözelligi.
Beden- ruhuň eşigidir.
-
Nätänyş adam
2 years ago
- Menm semrap bilemok nace iysemde.
-
Nätänyş adam
2 years ago
- Menm semrap bilemok nace iysemde.
-
Nätänyş adam
2 years ago
- Menm semrap bilemok nace iysemde.
-
Nätänyş adam
2 years ago
- Menm semrap bilemok nace iysemde.
-
Nätänyş adam
2 years ago
- Menm semrap bilemok nace iysemde.
-
Barbary
2 years ago
- Esasy beden gözelligi däl-de ruhy gözellik möhümdir. Nähili gelşikli bolaýsyn adam häsiýeti gowy bolmasa onuň ýanynda durasyň gelmez. Adamlaň sagdyn durmuş ýörelgesi barada biziň ýaradyjymyz Allatagala aladasyny edipdir,5 wagt namaz buýrup şony ýerine ýetiren begen arassalygyna we bedenterbiýesine gowuşar, namaz okan adam bedene zerur gerek bolan maşyklary günde 5 gezek gaýtalap durýar.
Tiko 2 years ago- Ine men nähilek imitlensemem kiläm üýtgänok nämeden?
Käbir kişi gurçuk bardyr diýýä gurçuk ýok. Az iýip gördim köp iýip gördim kiläm kän üýtgänok diňe 2kg eýläk beýläk üýtgeýä.