Içimiz owadan bolmasa, daşky keşbimizem, gylyk-häsiýetimizem owadan bolmaz. Ynsan üçin daşky dünýä, özüni synlaýan bir aýnasy ýalydyr. Ynsanyň daşky gözelligi, içine täsir etmez, emma, içki gözelligi daşyna täsirini ýetirer. Sebäbi, daşky gözelligi Alla berýär. Içki gözelligimiz üçin, akylly saýlawlar, islegli tagalla etmegimiz gerek. Içi, ýagny, ruhy owadan ynsanlar, ilki içinde bir yşyk ýakyp soňra ony daşara çykaryp bilýänlerdir.
Halama we halanylma şekil ýoly bilen bolýar. Çünki, daşky dünýäni duýmakda wizual kanallar has agdyklyk edýär. Umuman, göz bilen beýni arasyndaky nerwler, gulak bilen beýin arasyndaky nerwlerden takmynan ýigrimi esse güýçlidir. Täze tanyşan adamymyzyň adyny unudyp bileris, emma ýüz şeklini unutmarys. Çünki ýüz, şekilli bir surat hökmünde beýne, aňymyza has güýçli ýazga geçirilýär.
Daşky görnüş, isle halamagyň, isle halanmagyň jan damarydyr.
Täsir etmekde we täsir edilmekde ilkinji täsir örän zerudyr. Birini ilkinji gezek görenimizde ýa özüne çekiji ýa-da ýigrenji göreris. Bu ilkinji täsir aňsat-aňsadam üýtgemez. Şu sebäpli, ynsanlara daşky görnüşimiz we hereketlerimiz bilen gowy täsir etmäge synanyşmaly. Başgalaryň üstünde galdyrylan täsiriň möhüm bölümem daşky görnüş, bakyşlar (nazar) we ses bilen baglydyr. Başgalaryna gowy täsir eden ynsanlaryň daşky görnüşleri özüne çekiji, gözleri parlap duran, ses tony mylaýymjadyr.
Daşky görnüş, halanylmagyň açarydyr. Birnäçe gözlegleriň netijesinde, erkekleriň özlerine ýar saýlanlarynda daşky görnüşe has üns berýändigi mälim boldy. Umuman erkekleriň köpüsi owadan görmedik zenanlaryndan ýüz öwürýärler. Bu hakykaty bilýän zenanlaram, owadan bolmak üçin bol-bol pul sowýarlar. Belki şonuň üçindir, ekonomika sektorynda gözellik we kosmetika serişdeleri dünýäde öňde durýar.
Aslynda, zenanlar ýar saýlanlarynda daşky keşbe erkeklerden az üns berýärler. Emma, zenanlaryňam görmegeý erkekleri saýlaýandyklaryny subut edýän gözleglerem bar.
Ýagny, owadan daş görnüş, ynsanlary durmuşda möhüm artykmaçlyklar bilen üpjün edýär.
Diňe adamlarda däl, haýwanlarda-da daşky görnüşe üns berilýär. Haýwanlaram owadan haýwanlar bilen jübütleşýärler.
Geçirlen ylmy barlaglaryň netijesinde, daşky görnüşde ynsanlara täsir edýän zatlar: gözler, ýüz, ýylgyryş, beden ölçegleri (figura), duruş, el hereketleri we egin-eşik. Bulara dykgat edip, özümize üns bersek, täsirleýiji bolup bileris. Bulary aýratynlykda soňra ýazaryn.
Içiňizi näçe köp bejerseňiz, daşyňyz şonça-da owadan bolýar.
Ruh gözelligi kitabyndan.
Ruh gözelligi.
-
Xyivenia
2 years ago
- Geçirlen ylmy barlaglaryň netijesinde, daşky görnüşde ynsanlara täsir edýän zatlar: gözler, ýüz, ýylgyryş, beden ölçegleri (figura), duruş, el hereketleri we egin-eşik. Bulara dykgat edip, özümize üns bersek, täsirleýiji bolup bileris. Bulary aýratynlykda soňra ýazaryn.
Garaşýan
-
Nirvana
2 years ago
- Salam gelneje gowumy ýagdaýyňyz, armaň?!
Dogry aýtýaňyz.
-
Nirvana
2 years ago
- “Ruhy gözellik bu daş töweregiñdäki ynsanlary söýmeklik, sylag-hormat goýmak.“
Dogry, siziňem gürrüňleriňiz gyzykly, tüweleme. Ýörite blog döredip bilýänleriňizi paýlaşyň biz bilen.
Jan gelnejem amin, aýdanyňyz bolsun!
-
Jeksparro
2 years ago
- Içimiz owadan bolmasa daş keşbimizem owadan däl, men muny şeýle-de hasaplaýardym...
Tiko 2 years ago- Şul aýdylýan zatlarada akyl ýetirmek gerek. Akyl ýetirmek üçin okamaga höwes gerek.