Gatnaşyklarda gabat gelýän duýgularyň biri hem gabanjaňlykdyr. Gabanjaňlyk jemgyýetde esasan söýginiň alamaty hökmünde görülýär. Az dozada bolsa, gatnaşygy şekillendirer, emma aşa gabanmalar islendik gatnaşygy (dostluk, doganlyk, söýgi) jähenneme öwürer. Umuman, gatnaşykdaky lezzeti almak üçin, hemme zat öz ölçeginde bolsa gowy. Edil naharyň duzunyň az mukdarda bolsa, tagamly, aşa köp mukdarda bolsa şor, tagamsyz edişi ýaly.
Ynsanlar näme üçin biri-birini gabanýar?
Ilki bilen şuny belläp geçmek isleýän. Hemme adamlarda gabanjaňlyk duýgusy bolýar. Ýöne, olaryň derjeleri her kimde her hili.
Aşa gabanjaňlygyň başlangyjynda birnäçe sebäpler bardyr. Ilki bilen çuň bir ynamsyzlyk problemasy bar bolmagy mümkin. Başgalary özünden üstün, ýokary görýän bir adam üçin başgalar onuň üçin yzygiderli howp abandyrýan ýaly bolup görüner. Bu ýagdaý köp gaýtalanýn bolsa, gahara, dawa we zorluklara çenli baryp biler.
Özüne ynamsyz adam, gabanjaňlygyň duzagyna düşer we garşysyndaky ynsany yzygiderli sütemde saklamaga, yzarlamaga tarap hereket eder. Şeýtmek bilen ony, kontrol edip bilerin öýdýär. Emma, bu ýagdaý garşy tarapyň gatnaşykdan uzaklaşmagyna sebäp bolýar.
Ýene bir sebäpleriniň biri, garşysyndaky adama ynanmazlyk. Aldanmak we terk edilmek gorkusy bolan adamlaram gabanjaň bolýar. Ynsanlaryň garşysyndaky adam tarapyndan kemçilikli we gadyrsyz duýulmagy, gatnaşyklarda aşa baglanma, özüne degişli hasap edýän adamlary, başgalar bilen paýlaşmak islemezlik instinkti we şizofreniýa ýaly psihologiçeski birahatlyklar gabanjaňlygyň sebäpleri arasynda ýer alýar.
Gabanjaňlyk, ýitirme gorkusyndan hem döreýär. Çaga wagtyňyz ene-ataňyzyň sizi terk etmeginden örän gorkan bolmagyňyz mümkin. Ulalanyňyzda edil şol duýguny gatnaşyklaryňyza geçirýäňiz. Hemme zady etmäge taýýar bolarsyňyz, şol gitmesin diýip. Näme etseňizem az bolar, ol gorky siziň içiňizi gemirer, ýa gitse, ýa başgany saýlasa ýa-da meni söýmese?… Çaga wagty terk edilmekden gorkan çaga, indi gahar bilen gabanjaňlygyň batgalygyna öz-özüni batyrar. Terk edilmekden, gowy görýän ynsanyny ýitirmekden gelýän gabanma duýgusy alada, stress, paranoýa, aşa şübhe we soraglama döredip biler. Gabanjaň adam asla eşdenlerine ynanmaz, ol hemişe şübhede bolýar we öz beýnisinde döreden senarýolaryna ynanýar.
Gabanjaňlygyň netijesinde şahsyýetiň bozulmagy bolup bilýär. Narsist ýa-da paranoid gurluşly ynsanlar bu duýgynyň duzagyna köp düşýärler. Jemgyýetde “Söýýän adam gabanar” çemeleşigi agdyklyk edýär. Emma hiç bir görnüşde aşa gabanmagyň söýgi bilen baglanşygy ýokdur.
Gabanjaňlygy ýok etmegiň usuly, onuň sebäbini tapmak we üstüne gitmekdir.
Indi şeýle düşüneliň. Gabanjaňlygyňyzyň netijesinde bir zat tapdyňyzmy? Ýagny, gabanmakda haklymy, belli bir sebäp barmy? Ýa-da sizem käbir adamlar ýaly: “Men saňa ynanýan, ýöne, töweregiňdäki adamlara ynanamok” diýýänlerdenmi?
Eger gabanmaga belli bir dogry sebäbiňiz ýok bolsa, gabanjaňlyk duýgusy bilen hereket etmäň. Gabanjaňlyk duýgusynyň öňüni alyp bilmersiňiz, emma gabanjaňlyk duýgusy bilen hereket etmegiň öňüni alyp bilersiňiz.
Şu wagtky dostuňyz, joraňyz ýa-da söýgüliňiz näme üçin sizi saýlady? Siz millionermi ýa öz adyňyza edaraňyz barmy? Şoň üçin saýladymy sizi? Bularyň hijisem däl. Garşyňyzdaky akyl taýdan kemis bolmasa, hemmelerem özi barada pikir edýär. Ol sizi saýlady, çünki söýýär. Başgasyny saýlap oň bilenem bile bolup bilerdi. Başgasyna durmuşa çykyp ýa öýlenibem bilerdi. Ýa maşgala bolsaňyz, näme üçin seniň bilen durmuş gurdy? Muny pikirlenmek, gabanjaňlygyňyza erk edmekde peýdasy deger. Hany ýokarda gabanjaňlyk duýgusy bilen hereket etmegiň öňüni alyp bilersiňiz diýipdim-ä. Şol ýerde gabanjaňlyk bilen garşy tarapy günäkärlemek barada aýtmak isledim.
Söýmegiň filosofiýasynda: “Söýmek-goragsyz galmakdyr”.
Her gatnaşygyň bir gün gutarma ähtimallygy bardyr. Siz näçe ýyllyk söýgüli, jora ýa toý edip maşgala bolsaňyzam, bir günden bir gün ol gatnaşygyň gutarmak, jübütleriň bir-birini söýmezlik ähtimällygy bardyr.
Durmuşda owadan bolan zatlaryň içinde birazajygam bolsa töwekgelçilik (risk) ýokmy nä eýsem?
Eger durmuşyňyzda töwekgelçilik islemeýän bolsaňyz, söýmesediňiz, gatnaşyk saklamasadyňyz. Siz pikir edýäňiz, meniň gabanjaňlygym häzirki wagtda garşymdaky adama bagly. Emma beýle däl, onuň sebäbi siziň geçmişiňizdäki trawmatiki ýagdaýlar.
Joraňyz, dostuňyz, söýgüliňiz seni söýýäni, halaýany üçin siziň durmuşyňyzda. Siz bolsa, seni taşlajak, terk etjek ýaly ýa-da seni halaman başgany halajak ýaly düşünip başlaýaňyz. Ýagny gorkýaňyz. Bu gorkyny ilki bilen görüň, soňra ýüzleşiň. Şeýtseňiz bu gorkynyň hakyky däldigine, ýagny gorkar ýaly zadyň ýokdugna göz ýetirersiňiz.
Garaz, söýýän adamlaryňyza ynanmakdan başga çäräňiz ýok. Adamlara ynanmasaňyzam, söýýän adamlaryňyza ynanyň.
Özüňizi söýüň, köp problemalaryň başy, özüňizi söýmezlikden başlanýar. Öz-özüňizi gowy görüň, sylaň. Bilýänsiňiz, özüne ynamly adamlar özüne çekiji bolýar.
Aşa gabanjaň bir ynsanyň içinde terk edilmekden gorkan bir çaga bardyr.
-
@Resul
2 years ago
- Mende bar gabanjañlyk,özem sebäpsiz.
Ýöne yūzūme cykaramok hiçwagt
-
Nirvana
2 years ago
- Salam. Şoňam hökman bir sebäbi bardyr.
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Salam Nirvana, men bolsa gabanjaňlygy halamok. Söýýän, emma gabanamok. Gabanylman söýülmegem isleýän.
-
Wrestling
2 years ago
- Hmm...
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Aslynda şu gabanjaňlyk adamzada kän bir gerek zady ýok...
Beýik Kerim şahyr
«...
Diňe oýnaklatsa — gözlerin gaban!
...»
— diýýär. Galan wagt gabanmak diýseň manysyzdyr. Elbetde bu hem meniň pikirim...
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Görýäňizmi, beýik Kerim şahyr hem gabanmaklygy inkär edýär.
-
@Resul
2 years ago
- Hiçkim görmez yaly göze görūnmeýän etjekdä elimden gelse.
Şoñ ūçin geýinşinede uns bermeli bolýan
-
@Resul
2 years ago
- Aslynda men oýlenen, çagaly,çugaly
-
sapalybegenjow000000
2 years ago
- @Resul seňkem aňsat däl eken))
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Hiçkim görmez yaly göze görūnmeýän etjekdä elimden gelse.
— baý-bow, asyl oň terbiýesi bolsun, zanny bolsun, ana şonda ony hiç kim görmez!
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Sapaly, hawa, oňky aňsat däl eken😁
-
Tiko
2 years ago
- Mende gawanjanlyk bar birini gawanyp ugrasam öz özüme gaharym gelýä. Gaharymy bolsa kän ýüze çykaramok.
Birini gawanmaklyk nädogry gawanýanmy gawanýanlygyňy ýüze çykarman sakla.
Soýüşýänlere bolsa aýtjagym Gitjek adamy näme etseňem saklap bolanok. Soýän koýýän ýalak suýjyk sozler wagtlaýyn sozler ol hakyky soýýänligini dildendälde ýüreginden bil soýýänligini duýjak bol . Onsanam ýalan sözleýämi ýalan söz ýerde ýatanoga.
-
@Resul
2 years ago
- Ol seýle,gabanmana sebäbem yok, gabanýandyrnam öýdenoklar ,menä gabanjañlygam diýmezdim,keselmi namemi
-
@Resul
2 years ago
- Ahmet
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Şoň üçinem gabanmak duýgusyny halamok.
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Resul, senem başarsaň gabanmaklygy inkär et!
-
*Hemedany
2 years ago
- Ýöne käbirilerem Messi boldugy. Öňündäkä seredip gapdalyndaka pass berip bilýäler.
Gabanjaňlyk....)
-
zumerchi
2 years ago
- isle heleyini, isle'de soygulini birinden gabanmak-bu ozune govniyetmezchilik edenin bolyar!!(bu menin pikirim!)
-
Nirvana
2 years ago
- Salam Ahmedik.
Zumerchi. Aý, berekella. :) Siz bilýäňiz.
-
zumerchi
2 years ago
- aha! Nirvana sagbol!))))
-
#Yigit
2 years ago
- Men gabanylmany gysganylmany isleyan emma yok ol hasiyet soygulimde
Mnde bar
By:sazanda.Gyz
Nirvana 2 years ago- Aşaky temada: “ Gabanjaňlyk keselmi ýa-da söýgi?” soragy berlipdir.
Aşa gabanjaňlyk keseldir.
Romandaky ýaly, Otello we aýaly Desdemona biri-birini gaty gowy görýärler. Günleriň birinde Desdemona Otellonyň sowgat beren elýaglygyny ýitirýär. Bu ýagdaý Otellonyň aýalyndan şübhelenmegine sebäp bolýar. Elýaglygy alyp, Lago Otellonyň ynamyny sarsdyrjak we durmuşa geçirjek meýilnama düzýär. Bu meýilnamada Otello Kasionyň Desdemona bilen söýgüsiniň bardygyna şübhelenýär we Iagonyň meýilnamasy şowly bolýar. Otello gabanjaňlyk sebäpli ilki Kasiony, soň bolsa aýaly Desdemonany öldürýär. Soňra munuň Iagonyň edendigi aýan bolýar. Otello öz janyna kast edýär we Iago günäkärlenýär. Şekspiriň bu romany esasynda Otello sindromy psihiatriýada patologiki gabanjaňlyk hökmünde ýüze çykýar.