Hawa, ýalňyş okamadyňyz. “Bagtlylyk gullugy” bolan bir ýurt bar. Ilki okamda menem haýran galypdym. Soň gowy gözleşdirdim we has giňişleýin öwrendim. Bu, Hindistan bilen Hytaýyň arasynda ýerleşýän Butan ýurdy.
1974-nji ýyla çenli ýapyk bolan bu ýurt birnäçe formallygy ýerine ýetireninden soňra zyýrat edilip bilinse-de, çäkli sanda syýahatça açyk bolsa-da, King (Korol) bir-birinden tapawutly usullar bilen syýahatçy sanyny azaltmaga synanyşýar.
Meselem bu ýurtda 1999-njy ýyla çenli telewizor we internet ulanmak gadagandy. Tehnologiýadan hem geçen ýyla çenli gaçdylar. King, 1999-njy ýyla çenli telewizor we internet ulanmak gadagançylygyny ýerine ýetirse-de, dünýäde telewizor ulanmaga başlaýan iň soňky ýurtdygy aýdylýar.
Bu ýurtda öýsiz ynsan ýok. Köçede galan bir adamam ýok, öýüni ýitiren ynsanlara öý we ekin eder ýaly ýer, toprak berilýärmiş. Munuň üçin diňe King-iň ýanyna gitmek ýeterlik eken.
Butan-da ynsanlaryň iç rahatlygyny we bagtlylygyny goramak üçin 2008-nji ýylda Bagtlylyk gullugy döredildi. Bu ýurtda bagtlylyga şeýle üns berilýärmiş welin, hatda ilat sanawynda ynsanlara durmuşyndan hoşal bolup bolmadygy soralýar eken. Saglyk hyzmatlary mugt eken. Ynanmarsyňyz, emma, çilimem gadagan eken. Hawa, puluňyz bilen satyn alybam çekip bileňzok.
Haýwanlara we tebigata garşy köp üns berýärler. Bu temada rekoram gazandylar. Butan halky, bir sagadyň içinde 50 müň agaç dikip rekor gazanypdyrlar.
Meni ýene bir haýran galdyran zat, bu ýurtda svetoforlaryň ýoklugy. Hawa, ýurtda Svetofor ýok, bu ýurt üçin zerur dälmiş. Çünki, ol ýerde hemmeler düzgünleri dogry ýerine ýetirip, dost ýaly ýaşaýar ekenler. Şeýlelik bilen menem bu ýurtdan täsirlendim we içimdäki ýurdyň bagtlylyk gullugyny döretmek kararyny aldym. Sizem şeýle edip bilersiňiz. Öz içiňizdäki ülkäň koroly sizsiňiz, başgalary däl. Bagtly bolmak üçin başgalarynyň kararlaryna we araçäklerine bagly ýaşamaga borçly dälsiňiz. Öz düzgünleriňizi goýup, öz çäkleriňizde bagtly boluň. Siz bagtly boldugyňyzça araçägiňiziň içindäki hemmeler bagtly bolar. Sizi başgalary bagtly etmez. Etse-de, başgalaryň bagtly edişi, özüňizi özüňiz bagtly edişiňiz ýaly gadyrly bolmaz.
Bagtlylygyň zerurlygyna düşünýän we Bagtlylyk gullugy bolan bir ýurt barada öň eşitdiňizmi?
-
Tiko
2 years ago
- Butan
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Maslahata gowy welin, ol ýurt baradaky maglumata ynanmak kyn... Sebäbi internetde her bir okan zadyňa ynanybermeli däl...
-
Khanture
2 years ago
- Ahmedik_97 guldurmesene ;)))))))))))
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Khanture, senem gulubermesene:)
-
Khanture
2 years ago
- Geping gulkunc bolsa gulerinda
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Dogry zat hemişe-de gülkünç bolýar😉
-
zumerchi
2 years ago
- Ahmedik, bir sozden galjak dalov senem!))
Khanture 2 years ago- Baaah. Govy maslahat!!!