Dünýädeki birnäçe zatlary gözümiziň kömegi bilen duýýarys. Ynsan daşky dünýäni ortaça 87% gözleri, 9% gulaklary, 4% beýleki duýgy organlarynyň üsti bilen duýýar.
Gözler we göz bäbegi (зрачок, pupil) garşymyzdaky ynsanyň ruhyny okamakda möhüm düşündirişleri berýär. Käwagt biriniň bize bolan söýgüsinden şübhelenenimizde, “gözümiň içine seredip aýt” diýýäs. Garşymyzdaky biziň gözlerimize seredende onuň hakyky pikirlerini we duýgularyny öwrenip bileris. Hakykatlar köplenç ýüz-ýüze wagtymyz ýüze çykýar.
Ynsanlar:
1. Özüni kemçilikli we hor duýanlarynda;
2. Şol garşysyndaka gaharly ýa-da öýkeli bolsa;
3. Bir zat gizleseler ýa-da ýalan sözlänlerinde;
4. Birinden utansalar, göz-göze gelmekden çekinerler.
Şu ýagdaýlarda adamlar nazarlaryny saga-çepe öwürerler ýa-da ýere bakarlar.
Gözler bilen bagly iň köp düşündiriş berýän göz bäbekleridir. Olar ýagtylykda kiçelýär, garaňkylykda ulalýarlar.
Ynsan bir ýeri, bir zady, bir ynsany halasa göz bäbekleri ulalýar, halamasa kiçelýär. Esasanam garşy jynsa gyzyklanma dörände biriniň göz bäbekleri ulalyp, içi parlap başlaýar. Ýene bir zat, göz bäbekleri ulalan biriniň gözüne bakanyňam göz bäbekleri ulalýar. Bu ýagdaýa, isleg bilen seredýän adam islenýär diýip bileris.
Gözüň ortasyndaky kiçi gara nokat ullakan bir tegelek görnüşe gelýän bolsa, bu söýgüň alamatydyr. Diýmek, biriniň bizi halap halamadygyny onuň göz bäbeklerine seredip bilip bilýäs.
Ynsanyň ruhy ýagdaýy gowydan erbede tarap üýtgese, göz bäbekleri kiçelýär, erbetden gowa tarap üýtgedikçe gözleri ulalýar.
Göz bäbekleriniň ulalmagy ynsany has özüne çekiji, ýakymly we owadanlaşdyrýar.
Bir barlagda 100 sany erkege, göz bäbekleri ulalan bir zenan suratyny görkezipdirler. Olaryň 80%-i ol zenany özüne çekiji we owadan görüpdirler. 100 sany başga topardaky erkeklere-de, şol zenanyň göz bäbekleri kiçelen bir suratyny görkezipdirler. Netijede 80%-i, bu zenany owadan däl hasaplapdyrlar.
Göz bäbekleri emosional ýagdaýlarda duýgur bolýarlar. Gözümiziň garasy bolan göz bäbeklerimiz näçe ulaldygyça emosionallyk şonça artýar. Emosional güýçlilik başdan geçirilse, lakrimal (gözýaşy) bezleri işjeňligini artdyrýar. Esasanam begençli we gaýgyly ruhy ýagdaýda wagty, ynsanyň gözlerinden gözýaşlary döküliberýär.
Gözleriň beýleki dykgatyňy çekýän aksessuarlary (esbaplar) kirpikler we gaşlardyr. “Ok ýaly uzyn kirpikler”, galam ýaly inçejik gaşly ýa-da galam gaşlar, ýaly sözler edebiýatymyzda ulanylýan gözellik wasp ediji sözlerimizdir.
Gözel bir ruhyň daşaryk täsiri has söýgi bilen bakýan gözlerde görülýändir.
Söýgüniň ynsany gözelleşdirip, ýaşartýandygy hakykatdyr. Ruhyny söýgi bilen dolduran ynsanlaryň gözleriniň, tenleriniň, saçlarynyň parlaklygy gün-günden artar. Gözleri parlaýandyr käbir adamlaryň, ana şolar ruhy gözelliginiň daşyna çykmagy bolýar.
Söýgi bilen seredýän gözler, hemme zadyň gowy we gözel taraplaryny görýär. Bu pozitiw görüş, daşky dünýäden ynsanyň iç dünýäsine artykmajy bilen yzyna gelýär.
Bilýänsiňiz, älemdäki duýgular we ähli zatlar öz çesmesine ýene gaýdyp gelýär. Şeýlelik-de, içiňizdäki duýgular owadan bolsa, içiňize ýene gaýdyp geljek duýgularam gözel, owadan duýgulardyr.
Garaýyşlara (bakyşlara) jogap bermezlik, garşyňdaky ynsany ýok hasaplamakdyr. Ynsany iň birahat edýän zat hem söýýän adamsy tarapyndan ýok hasaplanmakdyr.
Köplenç bakýanlarymyzy duýman, diňe göreris. Şol bir wagtyň özünde görmek ýeterlik däldir. Esasy zat duýmakdyr. Şeýle-de bolsa, duýanymyzda gören zadymyz has manyly bolýar.
Depressiýadaky ynsanlarda umuman, aşak ýere bakma meýli bolýar. Şol ýagdaýda söýgi bilen başgalara seredip bilseler, depressiýany ýeňmegem aňsat bolar.
Iň owadan gözler, söýgi bilen seredýän gözlerdigi hiç şübhesizdir.

Ruh gözelligi kitaby.

Bilim, Nirvana tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir