Nirvana
SURATLAR
Suratlarda adamlaryň keşbi bar,
Olar kän zat ýatladyp dur geplemän...
Çary Ýegenmyradow.
Görsene, her biri ömürden parça,
Suratlar, heý!
Durmuş siňen suratlar!
Ine, saňa taýýar gämi!
Ýüregňi
Ýatlamalar ummanyna ugratsaň!
Ynha, şol mähriban klasdaş...
Mugallymym!
Ýüregiňi haýsy ataşyň alawynda ýakdyň-da, dost bolduň parlak we nurly ýyldyzlara? Okuwçylaryñ aladasy bilen ukusyz galan gijeleriňde haýsy söwdanyň nagmasy bilen teselli etdiň ýüregiňi? Gözýaşlaryňdymy suwlan ol ýaşajyk söygi nahallaryny? Bulutlaryň hem kämahal husytlyk eden möwsümlerinde, köňül jülgeleriňdäki ab-y haýat çeşmeleri kim biler nähili...
Mekdeplerimizde hereket edýän bilim ulgamy reforma zerurlyk duýýarmy?
Elbetde, her döwrüň öz mümkinçiliginiň, şertleriniň çägi deň däl. Bilim ulgamynyň bu topraklarda 1917-1920-nji ýyllardan başlap gelip ýeten ýerini nazara alsaň,şertler we mümkinçilikler babatda häzirki nesilleriň aşyklary alçy gopan. Emma muňa garamazdan, bilim ulgamynda göze iler ýaly derejede üstünlik boluberenok. Isle mekdeplerde, isle ýokary ok...
Boş wagtlaryňyzda näme bilen meşgullanýaňyz?
“Boş wagtlaryňda näme bilen meşgullanýaň?” ýaş nesillerimiz üçin jogaplary standart bolaýjak sorag. Näme bilen meşgullanýarka görmek mümkin, aý telewizor görmek, gyz bolsa serial görmek, gaty gitse dwordaky çagalar bilen üýşüp, çigit çakyp ,telefonda prikol wideo görmek. Boş wagty nämä sarplap bolýar? Hobbi sözem biziň nesiller üçin entek ýa:t. “H...
Ýalňyzlyk
Il içinde çekdim ýekelik derdin
(Ýekelik derdini çekenler biler.)
G.Ezizow
Siziňem durmuşda Ezizow bilen pikirdeş bolan wagtlaryňyz köp bolandyr. Töweregiňiz adamdan doly hem bolsa özüňizi ýalňyz duýan wagtlaryňyzy ýadyňyza salyň. Nämäniň kemdigini tapmak başardypmydy? Ýa bolmasa ýüregiňizi aýasyna alyp gysymlap gysymla...
Agyr boşluk
Fizika ters gelyänini bilyän yöne belkem bu ulanjak terminim ruhlar älemine ters hem däldir. Göräýmäne diňe gan gysymlap oturan ýüregimde agyr, goýy bir boşluk duýýan. Nämçün, nädip, haçan ýaly soraglara jogap berip bilmesemem ýüregimi birahat edip duranyny anyk bilyarin. Hatda kähalatlar kükregimem doldurup duran ýaly.
Her bir yza birzatlar...
•••
Bilmedim, nireden girdiň dünýäme,
Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.
Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam,
Göwnüň ýaly gözel eken keşbiňem.
Şondan bäri ak kagyza sen hakda
Goşgy bilen çekip ýörün keşde men.
Hat ýazaň...
Men öldürdim.
Başlarda seniň bilen aramyz nähili gowudy. Birzatlar öwrenmän geçirýän ýekeje sekundymam ýokdy. Güýjümiň iňsoňky damjasyna çenli haýdap öwrenip-öwrenip ýadap ýatyp galýadym. Indi seredip otursam iň süýji günlerimem şol günler eken. O wagtlar gaty günäsizje ekenim. O wagtlar ölümiň, öldürmegiň nämediginem bilemok ekenim.
Belli bir wagtdan soň...
Çäresizlik
Aýralygyň çatrygynda durus biz,
İne bu günem her gün bolşy ýaly asuda garaňky gijeler, dymyşlyk, ýöne näme üçindir meniň ýüregimde harasatdyr tupan möwç alýar. Hemişe özüme berýän soragymy, islemesemde bu günem özüme gönükdirdim. Sorag näme diýýäňmi?! Kämahal şeýlebir gepläsim gelýär, Bir gün geler, men giderin ýat öýe, Geçmişe syýahat etmek üçin ýekeje bilediňiz bar bolsa, nämäni üýtgetmek islärdiňiz?
Ýol dyknyşyk, swetafor gyzylda.
Agyr degjek eken heniz giribem
Ýetişmedik ýüregiňden pyzylsaň.
Aýralygyň reňki gözüni gyrpyp,
Gyzyl çyra öwrülende ýaşyla.
Ne per berdiň, ne ýer berdiň göwnüňden,
Dazlap gitdiň, pursat goýman aşyga.
•••
Sorag şeýle: " Men her näçe erkin, asuda durmuşda ýaşasamam, bagtly däl. Näme üçin? "
Hudaýa şükür janym sag, maşga...
***
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam
Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen,
Geçmiş elipbiýin hetjikläp ,,A"-dan,
,,Ýa" harpyna çenli çözläsim gelýär.
Isle zenan adam, isle-de erkek
Sözledesim gelýär, Sözläsim gelýär.
Emma beýle döwlet
Duşdumy entek?
...
Hyýal
Öz mähriban ojagmyzy terk edip.
Eje, şonda gyýylmasyn ýüregiň,
Başarmasam gözýaşlarma erk edip.
Hiç zat bolasy ýok, aglar goýaryn,
Bir gün menem duýgularym goýalar.
Hem ene ýüregňe rahatlyk berer,
Men söýgüden bagtly durmuş guranym.
«Mähribanym ejem...
•••
Ýa-da
Geljege syýahat etmek üçin ýekeje bilediňiz bar bolsa, näme etmek islärdiňiz?
Jenap, "edip" bilýänlere guramamyzdan sowgat: häzirki pursatda ýaşamak hukugy!
Şeýle hem, islän wagtyňyz ulanmaga mümkinçilik berýäris. Ony ulanmak islem...