Bize - näme üçin biziñ özümiz däl-de, saýrylar baha bermeli? Bizi - näme üçin biz seljermeli, öwrenmeli, kemçiligimizi bilmeli (hem düzetmeli) däl-de, kese ýerliler tanamaly, öwrenmeli? Ýene aýyn bolmasa, ösen ýurtlara, olaryñ ylmyna, medeniýetine, edebiýatyna, ösen tehnologiýasyna gözügidijilik bilen sereden bolýarys, olaryñ bize beren bahasyna begenýäris (ýa-da berjek bahasyna garaşýarys.
Ösen ýurtlaryñ jemgyyetleri dost diýmän-duşman diýmän kemçiliklerini ýüz görmezeklik bilen aýdyp bilýändikleri üçin bizden öñe gitdiler. Olar hakykatdan gorkanoklar. A biz nähili? Aramyzdan biri kemçiligimizi aýtsa, derrew ony özümize "bahyl", "görip" saýýas, duşman saýýas... Aý how, adamlar, biziñ nämämize göriplik etmeli kimdir biri? Edepsizligimizemi? Hapa-paýyş sözlerimizemi? Jahyllygymyzamy? Sowatsyzlygymyzamy? Aýdyñ, görnüp duran näme artykmaçlygymyz bar, ýa ile-güne näme bähbitli iş etdik-de, kimdir biri görübilmezçilik bilen aýagymyzdan asyldy? Samsyklyk dälmaý bular ýaly pikirde gezmek? Samsyklygam samsyklydyram welin, bu samsyklykdan, sähnelikden açylman geçip gitmek - tragediýalaryñam tragediýasy bolsa gerek...
Eger aramyzdan biri hakykaty aýtsa, aramyzdaky jahyllaryñ jahyllygyny gaýybanasyndan gep-gürrüñ etmän göni ýüzüne aýtsa, ony näme üçin özümize duşman belleýäris, ýüzüne diýip bilmejek zatlarymyzy, medeniyetsizlikden paýyny alan her dürli hapa-paýyş sözlerimizi oñ üstünden şerrraýlyk bilen eñterýäris. Muña hakymyz barmy? Elbetde, ýok. Özüñe edilen tankydy belligi kim edende näme? Geregiñi al, gerek däliñe garşylyklaýyn pikiriñi getir, edebi çäkden çykman nägileligiñi bildir.
Hiç kimi äsgermezçilik etmäñ, ýok saýmañ.
Kimdir biriniñ aýdanyñdan has beter derejede ýazgarylmaga degişli ýagdaýy baram bolsa, onuñ dinine, ynanjyna, şahsy durmuşyna, ar-namysyna, mertebesine, etniki gelip çykyşyna (milletine), jynsyna, işleýän ýerine, şikes ýetirjek paýyş sözleri aýtmaga hiç birimiziñ haky ýokdur. Bardy-geldi kimdir birini edebi çäkde tankyt etjek bolsagam, munuñ anyk delilini, sebäbini orta goýmalydyrys. Bir zady ýadymyzdan çykarmalyñ: islendik kişiniñ islendik kişini tankyt etmäge haky bardyr. Emma tankyt esasly we öwredijilikli bolmalydyr. Dinem, ylymam bize diñe akyl-paýhasymyzy ulanmagy maslahat berýär. Ylmyñ gapysyny şahsy ýigrenç duýgulary, aýdylanyñ däl-de, tersine aýdanyñ özüni gözden düşürýän edepsiz gargynç-sögünçler däl, açsa-açsa diñe akyl-paýhas açar.
Şu sözler wagt agzanyň teswiri. Şeýle gowy düşündiripdir. Paýlaşasym geldi.
***
-
Nirvana
2 years ago
- Salam гость
Wagt agamyz öz saýdynda bardyr.
Şu saýtda tema degişli pikirlerini beýan edýän, men ýaly artykmaç gürlemeýän gowydan gowy agzalar görünenoklar.
Wagt, Leýla, Jupiter_Fire, Barbary, Etika, Panturkist, BeýikÝazyjy, Ra, Şahyrana, Gutulmyş, Jazeera, MrOKaS…
-
Nirvana
2 years ago
- A93, dali…
Гость ýadyňa düşýärmi, Arslanowa Leýla atly bir agza bardy. Menä şonam göresim gelýär käte saýtda. Degişgen, şadyýanja, türkmen dili hat ýazuw kadalaryny berjaý etmeýänje gyzdy.
-
Гость
2 years ago
- Salam Nirvana!
Bolia,ýouk... Arslanowaň açyşlaryndan
-
Nirvana
2 years ago
- Edil özi :)
Seň bilen imoda habarlaşanokmy?
-
yyldyz.
2 years ago
- Howwa şahyranada ýitdi
-
Гость
2 years ago
- Ýok,ýitip gitdi
-
Nirvana
2 years ago
- Ýyldyz sen haçab ýitmekçi?
-
Nirvana
2 years ago
- n*
-
Nirvana
2 years ago
- Гость
Toý eden dälsiňä?
-
Гость
2 years ago
- Nirvana 30 seconds ago
Ýyldyz sen haçab ýitmekçi?
-Utandyrma gyzy😋
-
Гость
2 years ago
- Nirvana 6 seconds ago
Гость
Toý eden dälsiňä?
-Ýok, Nirvana
-
Nirvana
2 years ago
- Garaşsaň, goşup edäýeris. Çykdaýjyny paýlaşar ýaly.
-
Гость
2 years ago
- Garaşaýaryn,pula haýry boljak bolsa :)
-
yyldyz.
2 years ago
- ýyldyzymyñ süýnip ýitmesine entäk wagt köp)
-
yyldyz.
2 years ago
- onça gowy agzalar yitip gitdi siz bir galyñ😔 bolmasa çagalar bagy bolya hemme yer
-
Nirvana
2 years ago
- Bolýar гость :)
Ýyldyz, näbelli.
-
Nirvana
2 years ago
- Dogry paýhasly.
-
Гость
2 years ago
- Ilki ýaşalym,ýylgyn.Ondan soň aýnura,ýakyn arada kwazimoda,a indem seň atdaşlaň gyzyk goýdumy bärde?!
-
yyldyz.
2 years ago
- öñki bloklary görüşdirip çykdym welin ozal köp agza aktiwdi, gowy pikirleri bardy, AkiF bilen açan mowzuklaryñyz bar eken. teswirleri okadym täzeden)
-
Black Wolf
2 years ago
- Гость, sen oglanmy gyz
-
Black Wolf
2 years ago
- Nirvana,gost,yyldyz,payhasly, hemmane salam gich yagsy
-
Black Wolf
2 years ago
- Toy etjegin bolsa menem gosawerin menem sallah entak))
-
Nirvana
2 years ago
- Ýyldyz, hawa Akif bilen gyzykly temalar gozgalýardy.
Black Wolf, Salam!
-
Гость
2 years ago
- Salam Gara möjek
-
DonMaxx
2 years ago
- Nirvana 3 hours ago
A93, dali…
Гость ýadyňa düşýärmi, Arslanowa Leýla atly bir agza bardy. Menä şonam göresim gelýär käte saýtda. Degişgen, şadyýanja, türkmen dili hat ýazuw kadalaryny berjaý etmeýänje gyzdy.
niki men acyp beripdim nomeram pozuldy
-
BeýikÝazyjy
2 years ago
- Ilki bilen tüweleme, Nirvana.Ajaýyp çykyşyň bilen. Kesgir hem ýiti sözüň bilen. Ýamany söz bilen dogram-dogram etmeli. Ýamanyň daýanýan ideologiýasyny söz bilen berbat etmeli. Islendik adam öz hereketinde belli bir ideologiýa daýanýar.
Indi bolsa göz öňüne getir. Biz diýeli kyrk adam bolup söweşe girdik. Söweşde gyrylyp başladyk. Biz bir çetden, öz gezegimizde duşman okyndan wepat bolýarys. Birinji sen, onsoň men, üçünji ýene biri. Şeýdip hemmämiz wepat bolýarys. Oňa çenli biz her hili özümizi alyp barýarys. Talyp.com saýtyna agza bolan her bir agzanyň ykbaly şeýle. Saýtyň ideologiýasyna gurban bolmak. Saýt näme meseläni gozgaýar. Elbetde, saýt belli bir ideolgia ymtylýar. Bu elbetde, ilki bilen özümiz kämilleşmek, onsoň özgeleri. Ilki kämilleşeniň biri sen. Tüweleme.Men saňa üstünlik arzuw edýärin. Wagty gelende men hem seniň ýaly kämilleşerin.
Гость 2 years ago- Şul agamyzam ýitdi-gidiberdi.