Professor içi doly stakany elinde tutup sapaga başlady. Hemmeleriň göräýjegi ýaly tutýardy we soňra sorag berdi:
“Bu stakanyň agramy näçe siziň pikiriňizçe?”
Talyplaryň biri 50 gram, biri 100 gram, ýene biri 125 gram diýip jogap berdi.
Professor “stakanyň agyrlygyny ölçäp görmesem, menem bilemok” diýdi. “Emma meniň soragym şu, bu stakany birnäçe minutlap tutup dursam näme bolardy?”
Talyplar: “Hiç zat” diýip jogap berdiler.
-“Bolýar, bir sagatlap tutsam näme bolardy?” diýip sorady.
-“Eliňiz agyryp başlardy” diýip jogap berdi bir talyp.
-“Dogry aýtýaň, onda men bir gün boýunça saklap dursam näme bolardy?”
-“Eliňiz gaty erbet agyrar, myşsa spazmy ýaly problemalar başdan geçirerdiňiz we hassahana gitmeli bolardyňyz” diýip jogap berdi bir talyp we muňa ähli okuwçylar gülüşdiler.
-“Örän oňat, ýeri bu problemalar bolanda stakanyň agramynda bir üýtgeşme bolardymy?”
-“Ýok”
-“Onda meniň elimiň agyrmagyna we myşsa spazmynyň bolmagyna sebäp bolan zat näme?”
Talyplar krossword çözýän ýaly pikirlenmäge başladylar.
Professor: “Bu ýagdaýda agyrydan dynmak üçin näme etmeli bolaryn?”
Bir talyp: “Stakany taşlaň, ýere gaçsyn!”-diýdi.
Professor: “Elbetde”-diýdi.
“Durmuşyň meselelerem şolar ýalydyr. Olary kelläňizde birnäçe wagt saklarsyňyz welin hiç bir mesele ýok ýaly bolup görüner. Uzak wagt pikirlenseňiz, kelläňiz agyrmaga başlar. Ondanam uzak wagt pikirlenseňiz, bu gezek sizi ol pikirler iýip gutarmaga başlar we hiç zat etmezligiňize sebäp bolar. Durmuşyňyzdaky göreşleri we problemalary pikirlenmek zerurdyr. Ýöne esasy zat olary her günüň soňunda ýatmazdan ozal ýere taşlamakdyr. Edil stakan ýaly. Şeýtseňiz strese girmersiňiz we her gün täze beýni bilen oýanarsyňyz. Şeýlelikde her temada ýoluňyza çykan päsgelçilikler, göreşler bilen başa alyp çykmakda güçli bolarsyňyz”
Şonuň üçin söýýänleriňize, mähribanlaryňyza bu gün stakany ýere taşlamalydyklaryny ýatladyň.
Başgalaryna käýinşiň ýaly özüňe käýin, özüňi bagyşlaýşyň ýaly başgalary bagyşla.
-
Xyivenia
2 years ago
- Adamy kesel edyan stres meñ üçin
-
sapalybegenjow000000
2 years ago
- Xyvenia
Dogry aytyan, adamy kesel edyan stres hut ozim sona durmusda goz yetirip gordim..
Tiko 2 years ago- Gowy maslahatly tema