Mundan birnäçe gün ozal, has dogrusy, Wengriýa bilen bolan duşuşykdan bir gün öň metbugat ýygnagyna gatnaşan Kriştianu Ronaldu mikrofonlaryň ýanynda goýlan "Coca-Cola" içgili çüýşelerini öňünden aýryp, görünmez ýaly ýere goýdy we oturanlara garap: "Suw içiň. Suw ýeterlik" diýdi.
Futbol ýyldyzynyň bu eden hereketi "Coca-Cola" kompaniýasynyň paýnamasynyň 4 milliard dollar ýitirmegine sebäp boldy. Netijede, "Coca-Cola" kompaniýasynyň paýnamasy birbada 56,10-dan 55,22-ä düşdi. Bu bolsa 242 milliard dollarlyk paýnamanyň 238 milliard dollar möçberinde azalmagy diýmekdir.
Haýyr-sahawatly, sagdyn durmuş maksatly işleri etmekde elmydama öňe saýlanýan futbolçy gazly içgileri halamaýandygyny hiç haçanam gizlemeýärdi. Özüni görelde alarlyk şahsyýet hökmünde alyp barmagy başarýan Ronaldunyň alkogolly içgilerden hem hemişe daşda durýandygy-da hemmelere mälimdir.

Täzelikler, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir