köpden bäri içimi gyjyklap ýören soraglar bardy, menem düşünjämi ýazaýyn mümkin sizem özüňiziňkini ýazarsyňyz. tema belli bir waka ýa-da kemsitme niýetli däldir öňünden aýtýan soň kellä geýmäliň: 1. dünýäde ynanar ýaly adam galmandyr-aý. şuny diýýän adam düşünip bilemokda, dünýädäki hemme adamlary tanaýarmyka. häzir takmynan 7.2 milliard adam ýaşaýar dünýäde. indi şonça adamyň içinden ýekejede ynanar ýalysyny tapmadyk bolsa onda onuň öz problemasy, öz waňklygymyka diýýän. 1 adama ynanyp bolmasa dünýäniň beýleki 7.2 milliard adamyna ynamsyz diýjek bolmagynyň sebäbi nämekä!? (özümem ulanan bolup bilerin ýöne şeýle pikir edemden soňra ulanamok.) 2. -gowumy ýagdaýlaryň? -gowy (aslynda gowy däl). bulam ikinji düşünmeýän sözüm. eger gowy däl bolsa näme üçin gowy diýýärlerkä? ýalan bolýar bulam. diýeli aladalandyrmazlyk üçin aýtýar. ýöne şonda-da ýalanlygyna galýar we kiçijek zadyň üstünde ýalan sözlenilýär. ýa bolmasa "herkime problemasyny aýtmak islänok" diýeli. onda "gowy däl" diýsinde geçsinda başga tema. eger kömek edip bilmejegini bilýän bolanda-da "gowy däl" diýäý sen. kellesi azajyk işleýän adam islendik adamdan (samsyk bolsada) öwrenere, özüne peýdaly bir zat tapar. 3. okuwam adam etmändir. uniwersitetde edep dälde bilim berilýär. edep bilen bilim haçanda akylyň goýalanda baglanyşar. meselem: köp akylly bolsaň edepli hem bolarsyň, sebäbi edep akylyň netijesinde, süýtden çykan gaýmak ýalydyr. okuw bilimli edip biler ýöne edepli bolmak eýýäm adama bagly. başgada köpräk ýöne häzirlikçe şular barada siziňem düşünjäňizi bilmek isleýän.

Köneler, virmenaard tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir