Iki sany goňşy ýer üstünde dawa edýär diýýär. - Goňşy, meň ýerime süýşäýipsiň öýdýän. - Aý, ýok, göwnüňedir. - Göwnüme borm-aý. Süýşüpsiň-ä. - Süýşen däldirin. Öz ýerim. - Ýok, edil şu ýer-ä meňki. - Ýalňyşýaň, goňşy, bu ýer meňki. Bular şeýdip, "ýer meňki-de, ýer meňki" boluşyp durkalar, Ýer öz ýanyndan: "Ikiňizem meňki - diýýärmiş. - Dawa etmäň. Sizden has edenli, has dogumly, dünýäň üçden iki bölegini basyp alanlary, ýedi yklyma hökmüni ýöredenleri, baryny öz goýnuma ýygnadym. Perman bolan güni sizem ýygnaryn."
ÝER DAWASY.
-
sahett
12 years ago
- dogry,dogry,dogry...
-
Gooool
12 years ago
- Gaty dogry aydylan tymsal eken. Bir gun asmana dirap duran jaylar salyan araplaram gara guma garylar gider. Yanlary bilen dine kepenleri gider.
-
atabeg
12 years ago
- Gaýrat edip, çeşme görkeziň alan ýeriňizden. Ertir com-dan alyndy, awtory kab agza diýip. Ýogsam awtorlyk hukugy bozulýar.
-
lukmantm
12 years ago
- Perman bolan güni sizem ýygnaryn."
turkmenntug
.
jaydar aydylan sozler
-
turkmenntug
12 years ago
Gaýrat edip, çeşme görkeziň alan ýeriňizden
gaty dogry aýtdyň dost.hökman we hökman görkezmeli alnan ýerni.
menem ýazgyny ýazyp ,soň teswirinde ýazaýyn diýipdim alan ýermi weli,içiňi ýakaýyn diýen ýaly,ýazgy gitdide teswir ýazak wagtym int kesildi (tiz tiz bolup durýa bizde) soňam 5 minden goşulýaran weli,men geleňsizlik edip unudypdyryn.ötünç soraýan.
Ertir com-dan alyndy, awtory kab agza diýip.
ýöne ,dogrusy menä ertirde okamadym muny. men feýsbukda şu toparda okadym
.Ejrgül atly biri ýazan eken.
...
-
Agent007
12 years ago
- Sagbol
-
turkmenntug
12 years ago
- senem sag bol agent.
(ýokardaky " ejegül" bolmalydy )
-
makgush
12 years ago
- Dogry, sagja bol ýetireniñe Nejep aga
-
URGENCLI
12 years ago
- Dogry
-
1merdan
12 years ago
(ýokardaky " ejegül" bolmalydy )
turkmenntug | 2012-10-05 03:07:32
hoool ýokarda da şol at gabat gelýän ýaly, ýalňyşmasam....
.. soňam gaty bir ýerine düşen tymasal diýesim gelenok meňää şun ýalay tymsallara(pahyr ölümi ýatlatjak bolan bolşydyrda bu tymsaljagaz bilen)...
.. ýöne köp teswirlerdäki manylardan gelip çykyp baha bersem.edil adatdakysy ýaly @1merdan ýalňyşýar:-(:-)
-
Makintos
12 years ago
edil adatdakysy ýaly
@1merdan ýalňyşýar:-(
1merdan | 2012-10-05 09:35:30
yoo dogry pikir, gaty dogry
hazeleye 12 years ago- mbah, bet eken