Ynsan bu dunya gelya soyup hem soylup yasayar.Soyse we soyulse ozuni seyle bagtly duyyar.Cunki sen soyulsen nahili gowy,menem halayanlar bar eken diyen pikir gelyar.Yone gynanskda seyle yagdaylara ters dusunyanlerem tapylyar.Yagny gyza oglan soz aytsa,hat berse,oyune cenli ugratsa…eyyam adamlarda basga pikir:mysal ucin,ol gyzy bir oglan bilen duranyny gordum,ol gyz gowy dal ya bolmasa oglan gyza soz aytsa boldy gybatcylaryn in taze habarlary bolya goyya…Su hilli gybatcylyk,tohmetcilik…nahili yagdaylara eltyanligi hakynda oylanyarlarmika?! Men su yerde yalancy gep-gurrunlerin,tohmetlerin astynda galan biguna gyz hakynda hekaya aydyp bereyin: Gulnar bilen Mahri bile gonsy hem bir mekdepde okayardylar,nira gitselerde bileje giderdiler.Mahrinin gowni ozunden bir synp yokarda okayan Arslandady.Ona soygusini duydurjak bolyady yone ol ondan ilkinji soze garasyardy.Arslan ona biparhdy sebabi ol basga birini yagny Gulnary halayardy. Ona soygusini duydurmaklygy yuregine duwdi we mekdebe ir gelip Gulnaryn yoluna garasdy.Bu gezek Gulnaryn yeke ozi gelyadi bu bolsa Arslana onayly pursatdy.Arslan onunden cykyp: -Salam,Gulnar! -Salam!Ha name boldy…diyip soragly seretdi. -Neme Gulnar…diyip sozuni sonlamanka elindaki hatly bukjany eline uzatdy. -Name bu? Diyip hayrangalyjylyk bilen seretdi -Bu menin sana yurek sozlerim. -Arslan men muny kabul edip biljek dal. -Namucin? -Yok Arslan gaty gorme men soygi kocesine hali girjek dal…diyip yzyna owrulip gitdi. Sebabi Mahrinin Arslany halayanyny bilyadi… Bu bolan zatlardan Mahri habar tapyar.Ol’’Arslany men halayan ol Gulnary soyup bilmez’’diyen pikir bilen mekdepde ol barada yalan gurrunler yayradyp baslayar.’’Gulnar Arslana suykenip ony soydurjek bolya…’’diyen gurrun eyyam obada yayrapdy. Bir gun Gulnar oyunden okuwa baryarka kocedaki gybatcy ayallaryn:”Myrat aganyn gyzy Gulnary gowy diyip yordum,ol butin mekdebin oglanlaryna suykenip yor diyyaler…ata-enesinin yuzuni yere garatdy” diyen sozler gyzyn yuregine edil hanjar bilen urlan yaly bolyar.Gozlerini yasardyp baryan gyz mekdebe gija galmayyn diyip gaty-gaty yorap baslady.Mekdepde ol ozuni hic zatdan habarsyz yaly hereket etsede onun gozlerinden duymak bolyady.Okuwda son oyune keypsiz,halsyz bolup gelya.Oyde ejesinden basga hic kim yokdy.Kakasy oz ulpetleri bilen oturlysykdady.Sol oturlysykda icen aragynyn tasirine dostlarynyn biri gyzy hakynda esiden gurrunlerini agzyndan cykyp gidyar.Kakasy olaryn arasynda ozuni kicelen yaly duyyar.Gyzynyn hereketleri yuzune urlan ata oturlysykdan cykyp gaydyar… Oyune gyzynyn yanyna gelip,kopculikde yuzi gyzaran ata gyzynyn pak,arassa…yuregine oz eli bilen pycak uryar.Naman namedigine dusunmedik biguna gyzyn agzynda dine yekeje “name ucin?”diyen soz cykyar.Hawa,ar namys diyip ata oz gyzynyn omur tanapyny uzyar…Ol eden hereketine okunip aglayar…Gyzyny bu halyny gorup ejesi onun saclaryny oz goz yaslary bilen sypayady:”wah balam ne gunlere dusdun” Biguna gyz seydip tohmetin pidasy bolyar… Gyzda name guna bardy,onun soyuleni gunamidi?!Soyulmegin hem ayby barmy? Ah,durmus sen namucin seyle…?! Name ucin adamlara yowuz darayan? Goy,bizi gybat-tohmetlerden ALLANYN ozi saklasyn! Her birinizin kalbynyzdan iman nury ocmesin!

Köneler, Hayranmen tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir