Misli ay dek jemalyñ, Baksam galmaz mejalym, Yshka köyen bu janym, Señki bolsun sarygyz. Lebleriñden bal damar, Sorsam söküler damar, Gyzgyn-gyzgyn posalar, Meñki bolsun, Sarygyz. Yashymyñ ter günleri, Misli bahar yelleri, Chemen baglan güllerim, Señki bolsun, Sarygyz. Yshka baryan yodalar, (Yanyp duran ot alar), Söygi hakda wadalar, Öñki bolsun, Sarygyz. Sünneläp yazan beydim, Hala chitilen öydüm, Yürekden chykan aydym, Señki bolsun, Sarygyz.

Köneler, Bayramsoltan tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir