Söýüň gyzlar, ýigitleri, Söýgi siziň bezegňizdir. Bizä söýüp bizar bolduk Indi siziň gezegňizdir. Söýüň gyzlar, ýigitleri, Söýgi bagtyň açarydyr. Eger söýgä düşünmedik, Bagtam ondan daşarydyr. Söýgi birdir ýeketäkdir, Pynhan bolar ikiçäkdir. Bir garaýyş goşa söýgi Oglan-gyza araçäkdir. Söýüň gyzlar, oglanlary, Size bagtyn baglanlary. Gije-gündiz mejnun bolup, Jiger bagryn daglanlary. Söýüň gyzlar, oglanlary, Ýöne gyzmaň baýlygyna. Saýlap tapyň wepalysyn Kaýyl boluň aýlygyna. Wepa gerek, söýgi gerek, Bolar size janserek. Baýlyk dälde bagt diläň, Bagtsyz baýlyk - ömür biderek. Söýüň gyzlar ýigitleri, Ýiti söýgi ynam bilen. Kalbyňyzda joşup dursun, Arzuw, umyt, ylham bilen. Ýagşy günleň gadryn biliň, Oglanlaryň parhyn biliň. Laýygyny tapyň saýlap, Ýureklerniň çarhyn diliň. Söýgülerňiz joşup dursun, Kaldyňyzda üýşüp dursun, Waspyňyza biz oglanlar Mydam goşgy goşup dursun. Söýüň gyzlar, ýigitleri, Başyňyza ediň togap. Ýaryňyza hormat goýuň, Oglanlardan şudur jogap. Söýüň, söýüň, söýüň gyzlar, Jandan, çenden, çyndan söýüň. Hyzmat ediň saçagňyza, Abat saklaň ojak öýüň. Gurup bagt durmuş toýun, Saýlap-secip tapyň tayyň. Wepaly bol yaryňyza Hyzmatynda mydam taýyn. Sylar sizem ýeňňe, gaýyn, Işlerňize bolsaň gaýym. Bir diýende iki aytdyrman Taýyn ediň nahar, çaýyn. Ojagňyza wepa saklaň, Baran ýeriň duzun haklaň. Agzybirlik - bagt getir, Aýdanlarym pugta bekläň. Çagalarňyz halal ekläň, Edebini başdan dikläň. Päkizelik - bu zyýatdyr Kirin ýuwuň hem ütükläň. Üns beriň üst-başyna, Arassaja ýar pitikläň. Daşda bolsun cilim nasdan, Içiberse, çalt petikläň. Ýaltanmaň siz her işdenem, Geýim tikiň, iş çatyklaň. Durmuş diýen agyr ýoldan Ötmesi kyn o çatykdan. Gaty görmäň bizden gyzlar, Bu bir ýöne degişmedir. Ýary oyun, yaram çyndan, Kakdyrybrak degrişmedir.

Köneler, Yegen tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir