Howard yeter-yetmez mashgalanyn chagasydy, okuw chykdajylaryny tolemek uchun gapy-gapy aylanyp, ownuk ushak zatlary satyardy. shol gun hich zat satyp bilmanson, onun garny gaty achdy. ol indiki kakjak gapysyndan garbanar yaly bir zatlary hayysh etmegi yuregine duwdi. Oyun gapysyny achan yash gelni gorende welin utandy. Iyer yaly bir zat soramaga derek, dine: "Bagyshlan, bir bulgur suw berip bilersinizmi?" diyip bildi. Ol zenan oglanjygyn ach bolmagynyn ahmaldygy hakynda oylandy we uly bulgurda suyt getirdi. Oglanjyk suydi yuwash-yuwashdan, howlukman ichenden sonra: "Size minnetdarlygymyn chagi yok, nache bermeli?!" diyip, yash ayala yuzlendi. Ayal "Sizin mana berginiz yok!" diyip mahirli yylgyryp, sozuni dowam etdi: "Ejem bize eden yagshylygymyzyn jogabyna garashmaly daldigimizi owretdi". Oglanjyk: "Kop sag bolun, size tuys yuregimden minnetdarlyk bildiryarin!" diydi. Howard oyun onunden dashlashyp ugranda, ozuni dine beden taydan dal, eysem ruhy taydan hem guychli duyyardy. Birnache yyldan sonra yanky zenan oran seyrek dush gelyan kesele satashdy. Lukmanlar eygermanson ayalyn hassalygy bilen baglanshykly barlaglary gechirmek uchin, ony merkeze ygratdylar. Professor Howard Kelly barlag gechirmek uchin getirilen hassanyn haysy obadan gelenini eshidende tolgundy. yuzune yygyrt dushen hem bolsa, ozune mahir bilen bakan ayaly ilki gorende tanady. Onun janyny halas etmek uchin bolsa, elinden gelen komegi etdi. Uzak dowam eden bejergiden sonra, hassa aynaldy. Lukman ish otagynda hassanyn bejergi toleglerini gozden gechirdi we yuzune namedir bir zatlar yazylan kagyzjygy toleg kagyzynyn yanyna birikdirip, bukja saldy. Ony hassanyn yatan otagyna iberdi. Bukjany eline alan ayalyn elleri titreyardi, achmaga gorkyardy. Ol hassahana toleglerini asla tolap bilmejegini we galan omrume shu tolegi tolemek uchin ishlemeli boljakdygyny chaklayardy. Ol ahyrsony bukjany achdy we toleg kagyzyna birikdirilen kichijik kagyzy okady. Kagyzda sheyle yazylypdy: "Hassahana tolegleri mundan encheme yyl ozal bir bulgur suyt bilen hasaplashylandyr!" dostlar, doganlar gelin bizem birek-birege sheyle yagshylyklary edelin!!!

Köneler, Prettygirl tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir