Oglanlar ¬¬– bilesigeliji halk. Olar hemme zat bilesi, göresi gelýär: dollaryň kursy (daşary ýurtda), söýgüli komandasynyň finala çykmagy, Marsda ýaşaýyş barmy we şm zatlary. Ýöne diňläsi gelmeýän zatlary hem bar. Diňläsi gelenok- bolany, aýtjak bolup gynanmaň! Ynha şolardan käbir mysallar: Men futbol görýärdim. Söýgüli komandam utulyp barýady, garaz nerwnyda. Şol wagt ýanymdaky: “ezizim köşeş, bu bir ýönekeý oýun ahryn!” bular ýaly samsyklygy men ömrümde eşitmändim. Gyzlar, bilip goýuň, siz futbola düşünmeýän bolsaňyz, şol barada geplemäň! Ýöne ýuwaş oturanyň gowymy-ka diýýän, bu hili duýguryşlyk maňa bildireniňden. Meň öňki söýgülim maňa hemişe özüniň semrändigini, “figurasynyň” betnyşandygny aýdar durardy. Men hiç-haçan olar ýaly zatlara üns bermeýärdim. Ýöne seň gulagyňa şol gepler 1 sutkada 24 sagatlap gaýtalanyp dursa, sen hany üns bermejek bir gör! Soň bir hili seredibersem, dogurdanam şol gyzyň biliniň görünenokdygny, hemem garnynyň çykandygny gözüme iýlip başlady. Wagtyň geçmegi bn men söýgülimiň owadan “figurasynyň” bardygny barada gürlemämi bes etdim. Şonuň ün ol öýkeledi we şunluk bn biziň söýgimiz gutardy. Erkeklere – onuň bile işleýän gyzynyň, ýa-da garyndaş gyzynyň hemmetaraplaýyn owadandygny we siz öz söýgüliňizi şolara gabanýandygňyzy hiç haçan aýtmaň. Bu köp gelin-gyzlaryň ýalňyşlygy. Şu wagta çenli ol erkek şol gyzlara ýönekeý dost hökmünde bakyp gürleşen bolsa, siziň gabanjaňlygnyzy bilip, ol hökman başga gözleri bn seredip başlar. Günäkär bolsa şu ýerde diňe siz! Meň gelnim hemişe menden bir zat islärdi: ýa güljagaş, ýa-da agşamlygy kafede geçirmegmizi, ýa-da bir sowgat alyp bermegimi....oň dilegleri gutarmazdy.Ol şu zatlaryň edilmegini meniň oňa borjum ýaly edip goýardy. Şonuň ün men hiç-haçanam ony kafemy, teatra alyp gitmeýädim we şm hereketleri etmeýädim. Wagtyň geçmegi bn bular ýaly “romantiki” ädimleri dilemäni bes etdi, hemem meň bolşuma öwrenişdi. Şondan soň meň gözlem açylyp, gelnime her-dürli “sürprizlar” edesim gelip başlady. Erkeklere hiç-haçan onuň etmeli zatlaryny ýatladyp durmagyň geregi ýok. Onuň özi hemme zada akyl ýetirip barar. Bir gün söýgülim:”Seň dostlaryň bir-hilijeklaý, men düşünemok (ýada haýran galýan) nädip olar bn gatnaşyp ýöreniňi...” şu sözlerden soň biz örän sögüşipdik. Meň dostlarym we maşgalam – bular keramatdyr.aýal maşgala meň gowy görýän adamlam barada ýaman söz diýmeli däl! Sizin hem gyzlammyza şular ýaly maslahatlaňyz bar bolsa, goşarsyňyz diýip umyt edýän.  

Köneler, jumanji tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir