Salam talyplar.com-yn agzalary we myhmanlary. Men shu temada siz bilen bir meselede maslahatlashjak we sizin hem pikirinizi bilmek isleyan. Yagny yazgyt meselede. Bir hepdelikde yoldan baryakam bir awariya dushdym. Gunali hem gunasiz hem yash oglanlar eken. Aslynda kimin gunalidigini hem bilemok. Yone biri beylekisine "garshylyklayyn gelyana how" diyip kayindi. Ol hem "boljak ishdirda, tormuz tutmady, men name edeyin" diyyar. Beyleki hem razylashdy "howwalay, aslynda boljak ishdirle". Indi men diyjek bolyanym shu. Sonky dowur kop yashlaryn mashynlaryny nahili suryanlerini bilyas. Gai-ler bolmasa adam tanryly kabir surujiler iki gapdallayn durup, gapylaryny achyp, bir-bir bilen hal-ahwal sorashan bolup yol hereketine gatnashyanlara uly bokdenchlik edip bilyaler. Ya-da gelnaljyda ulaglaryny nahili suryanlerini hem bilyas. Garaz shunun yaly yagdayda-da "yazgytdyrda, boljak ishdirda" diyse razylashmakdan bashga charede galanok. Oz ejir chekeni hich welin beyleki tarapada ejir chekdiryar. Hakykatdanam shunun yaly yerde razylashyp, gaharyny yatyrjak bolmalymy? Yene bir mysal, inin ya-da chagan sen diyenini etman yalnyshsa hich zat diyman "boljak ishdir, yazgytdyr" diyip gechibermelimi? Shol yerde kayyesen ya-da sharpyk dagy chalaysan yazgyda garshy gitdigin bolarmy? Yenede bir bolan waka. Yagysh yagyp yer gowy yumshak wagty biri howlusyna gum dokdurjek bolup mashyny yza surduryar. Mashynam yer yumshak bolanson belli yere baranson batyar. Ondan-mundan mashyn gozlap yarym gunun ichinde zordan chykaryalar. Mashyny yza surdurene inisi "indi bir shu yere mashyn salmaweri, yer yumshak we kop adama hem ish bolyas. Bir kishiden tros almaly, bir kisha mashynyn bilen chekip ber diyip hayysh etmeli, garaz indi bir yalnyshyp salmalay shu yere" diyyar. Emma agasy yene shol yere gum dokdurmeli diyyade mashyny yene shol yere bir hepdeden son salyar we yene batyar. Inisi hem "gechen gezek aydyldy, gayrat et, indi bir salmaly shu yere mashyn" diyyar. Yene kop adama ish bolup chykaryalar. Bir aydan son yene jay saldyrjak yeri bolanson, yerem indi gatandyr diyip mashyny salyar we batyar. Bu gezek inisinin gany depesine uryar "gechen gezekler kop kosendik, beytmeda how" diyyar. Towerekdakilen kabirem "inim bu bir boljak ish, shu mashyn shu yerde hokman shu gun bataymaly, sheyle yazylypdyr, yazgytdan gachyp bilmersin" diyyar. Men aytjak bolyanymy, biljek bolyanymy dushundirip biljekmi, bilmejekmi shony bilemok. Men yone mashyndan mysal getiraydim. Bashga meselelerdenem bolup bilerdi. Yanky mysalda aydyshyn yaly shuny etmali diyip aydanson, ony hem etseler, "ay yazgytdyrlay, boljak ishdir" diyip gechip gidibermelimi. Onun yaly sabyrly, shukurli bolsan ne armanyn bar welin gaharam oz yerim oydyan diyyade chykayyada. Sizden maslahatym, shu yerde diyen etmeyan yazyklymy ya-da kayinyan???

Köneler, mirasymyz tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir